1894-nji ýylyň 22-nji iýulynda dünýäde ilkinji awtoulag ýaryşy geçirilýär. Fransiýanyň Pariž hem-de Ruan şäherleriniň arasyndaky 126 kilometrlik aralykda geçirilen ýaryşy “Le Petit Journal” neşiri guraýar. Pellehanadan Jýul-Alber de Dion geçýär, emma onuň bug bilen işleýän ulagynda koçegar ýokdugy sebäpli birinjilik resmi ýagdaýda Alber Lemetre berilýär. Lemetr kuwwaty 3 at güýjüne barabar bolan “Peugeot Type7” ulagynda ýaryşýar. Esasy 126 kilometrlik ýaryşdan ozal gatnaşyjylar 50 kilometrlik saýlama tapgyryndan geçmelidiler. Saýlama tapgyra 26 ulag gatnaşyp, şolaryň 21-si esasy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Esasy ýaryşa gatnaşmak üçin 50 kilometr aralygy 3 sagatdan az wagtda geçmek şertlendirilipdi.