Dünýä Kubogynda ilkinji ýarym finalçy belli boldy. Tamamlanyp barýan futbolyň iň uly ýaryşynyň ilkinji ýarym finalçysy mundan öňki 2 çempionatda bolşy ýaly ýene-de Fransiýanyň ýygyndysy bolmagy başardy.

Fransiýanyň ýygyndysy Bostondaky Gillette Stadium-da Marokkonyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşygyň depgini o diýen ýokary bolmady. Oýnuň 21-nji minutynda duşuşygyň argentinaly emini Fakundo Telýonyň bellän penalti urgusyny Kilian Mbappe dürs urup bilmedi. Has takygy, marokkoly derwezeçi Ýassin Bunu saklamagy başardy. Bu onuň umumylykda Dünýä Kubogynda saklan 4-nji penaltisi boldy. Bu rekord görkezijä deňdir. Ýassin Bununyň garşysyna jemi 9 penalti urlup, ol onuň 4-sini saklady, 2-nji geçirtdi (3 urgy bolsa daşyna gitdi).

Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, 2-nji ýaryma fransuzlar has işjeň girişdi. Oýnuň 60-njy minutynda Kilian Mbappe owadan urgy bilen şu çempionatdaky 8-nji, umumylykda-da Dünýä Kubogyndaky 20-nji goluny geçirdi. 6 minutdan soň Mbappeniň asist etmeginde Usman Dembele hem tapawutlandy. Galan minutlarda-da fransuzlar 2-3 sany howply pursatlary döretselerem, hasap üýtgemedi. Netijede, Fransiýanyň ýygyndysy Afrika yklymynyň ýeke-täk wekili Marokkony bu gezek çärýek finalda ýeňlişe sezewar etdi. Geçen çempionatda Marokko şu hasap bilen ýarym finalda ýeňlipdi.

Deşam taryhy rekordy gaýtalady

Fransiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji, umumylykda-da 8-nji gezek ýarym finala çykdy. Olar bu ugurda 3-nji ýerdäki italýanlar bilen deňleşdiler. Fransiýanyň ýygyndysy Didie Deşam Dünýä Kubogyndaky 25-nji duşuşygy geçirip, ol bu ugurda germaniýaly Helmut Şönüň rekordyna şärik boldy. Ýarym final oýnunda ol bu rekordy täzelär. Dünýä Kubogyndaky 20-nji ýeňşini gazanan Didie Deşam öz rekordyny ösdürmegi hem başardy.