Norwegiýanyň Kristiansann şäherindäki Kunstsilo muzeýi her ýyl Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilýän abraýly “Prix Versailles” baýrak gowşurylyş dabarasynda “Dünýäniň iň owadan muzeýi” diýlip atlandyryldy. Bu abraýly baýrak dünýäniň iň gowy häzirki zaman binagärlik taslamalaryny ykrar edýär.
Muzeýiň direktory Mariýa Mediaas Ýýorstad toparyň bu ykrarnama “örän şat we buýsanýandygyny” we bu hormatyň esasan taslamanyň binagärlerine degişlidigini nygtady.
Geçen ýyl açylan Kunstsilo muzeýinde, takmynan, 7 müň 500 sungat eseri, şol sanda Norwegiýanyň Nebit gaznasynyň başlygy Nikolaý Tangeniň kolleksiýasy bar. Muzeý mundan “Premio Arquitectura Española” ispan baýragyna mynasyp bolupdy.
PDF









