Hal­ka­ra Ho­wa Gat­naw­la­ry Bi­le­le­şi­gi­niň (IATA) bi­ler­men­le­ri 2025-nji ýyl­da uçar ar­ka­ly sy­ýa­hat eden­le­riň sa­ny­nyň ge­çen ýyl­da­ky­dan 6,7 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 5,2 mil­li­ar­da ýet­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Awia­si­ýa pu­da­gy bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­ýan «Of­ficial Avia­ti­on Gui­de» (OAG) kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň köp gat­naw­ly ae­ro­port­la­ry­nyň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Ozal­ky ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, sa­na­wyň ba­şy­ny ABŞ-nyň At­lan­ta Harts­fild-Jek­son ae­ro­por­ty eýe­le­ýär. Bu ae­ro­port­dan 62,7 mil­li­on ýo­lag­çy peý­da­la­nyp­dyr. Bu ho­wa men­zi­lin­den 2019-njy ýyl­da 63 mil­li­on 312 müň ýo­lag­çy ge­çen eken.
Sa­na­wyň ikin­ji or­nun­da Du­ba­ýyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li (60,2 mil­li­on) bar. Emir­li­giň ho­wa men­zi­lin­den ge­çen ýo­lag­çy­la­ryň sa­ny 2019-njy ýyl­da­ky­dan 12 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Umu­my sa­naw­da ikin­ji hem bol­sa, bu ae­ro­port hal­ka­ra ýo­lag­çy­lar ha­sa­ba al­nan­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­ýär. To­kio­nyň Ha­ne­da ae­ro­por­ty 55,2 mil­li­on ýo­lag­çy­sy bi­len üçün­ji, Lon­do­nyň Hit­rou ho­wa men­zi­li 51,5 mil­li­on ýo­lag­çy­sy bi­len dör­dün­ji ýe­ri eýe­le­di. Lon­don hal­ka­ra ýo­lag­çy gat­na­wyn­da ikin­ji, Ýew­ro­pa­da bol­sa bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­di.
«Dal­las Fort Worth» (Te­has/ABŞ), «Den­wer» (Ko­lo­ra­do/ABŞ), «Guanç­žou Baý­ýun» (Hy­taý), «Stam­bul» (Tür­ki­ýe), «Pu­dun» (Hy­taý) we «O’Ha­ra» (Çi­ka­go/ABŞ) il­kin­ji on­lu­ga gir­di­ler.

Mer­jen GEL­DI­ÝE­WA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.