Iň köp maslahat geçirilýän ýurtlar

0

Sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ara­syn­da di­ňe de­ňiz ke­nar­la­ry, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler bolan ýerler däl, eý­sem, hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri hem bar. Ösen myh­man­ha­na, zal top­lum­la­ry dür­li işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry­ny, mas­la­hat­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hal­ka­ra mas­la­hat­lar we ser­gi­ler bi­le­le­şi­gi (ICCA) ýyg­nak­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri ba­ra­da bar­lag ge­çir­di. Mag­lu­mat­da bu ugur­da ABŞ bi­rin­ji ýer­de dur­ýar. Hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýer­le­riň ara­syn­da Ita­li­ýa ikin­ji orny eýe­le­di. Bu Ýew­ro­pa ýur­dy sa­naw­da üçün­ji ge­zek il­kin­ji üç­lü­ge gir­di. Mag­lu­mat­la­ryň paý­la­şyl­ma­gy, ylym-bi­lim ug­run­da­ky hyz­mat­daş­lyk­lar we in­no­wa­si­ýa esas­lan­ýan stra­te­gi­ýa ýur­duň bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Ita­li­ýa­nyň mag­lu­mat li­der­le­ri (Ita­li­an Know­led­ge Lea­ders) at­ly mak­sat­na­ma hal­ka­ra ser­gi­le­riň ýur­da çe­kil­me­gi­ne go­şant goş­ýar. Mas­la­hat­lar di­ňe Rim ýa-da Mi­lan ýa­ly iri şä­her­ler­de däl, eý­sem, Flo­ren­si­ýa, Bo­lon­ýa, Na­po­li we To­ri­no ýa­ly beý­le­ki şä­her­ler­de hem ge­çi­ril­ýär. Bu şä­her­ler­de myh­man­ha­na, gast­ro­no­mi­ýa we ulag ul­ga­my ýa­ly ösen inf­rast­ruk­tu­ra bar. Mag­lu­ma­ta gö­rä, mas­la­hat­lardan gelýän girdejiler her ýyl ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 15 mil­liard ýew­ro goşant goşýar.