Golaýda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Fransiýada, belki-de tutuş Ýewropada iň soňky köçe gazet satyjysy bolan 72 ýaşly Ali Akbara Hormat ordenini gowşurmak baradaky karara gol çekdi. Makron talyp wagty ondan gazet satyn alypdyr.
“Men 1973-nji ýylda işe başlanymda, Parižde 35-40 sany gazet satyjy bardy. Indi diňe men galdym. Höweslendirýän zat ýok. Hemmeler internete eňdiler. Adamlar hemişe telefonlaryndan bir zatlar sermenekleýärler” diýip, BBC Akbaryň sözlerini getirýär.
Ol internet peýda bolmazdan ozal, ilkinji sagatda 80 gazet satýan eken. Indi bolsa, bary-ýogy 30 sanysyny satýar. Adamlar soňky habarlary bilmek üçin gyssanypdyrlar. Puluň ýarysy özüne galýar. Adatça, her müşderiniň diýen ýaly yzyndan ylgamaly bolýar. “Ýöne bu iş maňa erkinlik berýär. Men doly garaşsyz” diýip köçe gazet satyjysy aýdýar.
Pakistanda doglan bu adam 1960-njy ýyllaryň ahyrynda Ýewropa göçüp, ilki Amsterdamda ýaşaýar, ýöne 1972-nji ýylda Pariže göçüp, çep kenarda gazet satyjy bolup işe başlaýar. “Şol döwürde köçelerde ýazyjylar, aktýorlar, sazandalar köp bolan bolsa, indi olaryň ýerini syýahatçylar doldurdy” diýip, Ali Akbar ýatlaýar.