“Hubble” kosmos teleskopy arkaly iň uly kometa anyklandy. Gün ulgamynyň emele gelen döwründen bäri bar bolan asman jisimlerine “kosmos aýsbergleri” hem diýilýär. Bu asman jisimleri Güne golaýladygyça ýüzündäki buz gatlagy ereýär we käbir bölekleri gopup aýrylýar. Bu täsin asman jisimler bilen astronomlar irki döwürlerden bäri gyzyklanypdyrlar. Öňki döwürlerde olaryň nämedigini kesgitlemek kyn bolupdyr. Häzirki wagtda hem kometalaryň içgin öwrenilmegi dowam edýär. 12-nji aprel güni tapylan bu asman jisiminiň bolsa, häzire çenli anyklanan iň uly kometadygy mälim edildi. Kometa “C/2014 UN271” diýlip at berildi. Onuň 130 kilometre barabar ýadrosynyň bardygy anyklandy. Astronomlar bu kometanyň ýadrosynyň beýleki kometalaryň köpüsinden 50 esse uludygyny belleýärler. Şeýle hem asman jisiminiň 35 000 km/sagat tizlik bilen hereket edýändigi anyklanypdyr. NASA äpet kometanyň 2031-nji ýylda Güne has golaý barjakdygyny mälim etdi.

Aýjeren Baýramowa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby