Ýewropanyň statistika gullugy Ýewrostatyň metbugat beýanatyna görä, Hytaý ilkinji gezek ABŞ-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň iň uly söwda hyzmatdaşy boldy.
«2020-nji ýylda Hytaý Ýewropa Bileleşiginiň esasy hyzmatdaşy boldy. Bu netije importyň (+ 5,6%) we eksportyň (+ 2,2%) ösmegi bilen boldy» diýlip, resminamada bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwdada importyň (-13,2%) we eksportyň (-8,2%) ep-esli azalmagy hasaba alyndy.
Umuman alanyňda, Ýewropa Bileleşigine Hytaýdan import 383,5 milliard ýewro, Ýewropanyň Hytaýa eksporty bolsa, 202,5 milliard ýewro boldy. Hytaýyň Ýewropa eksportynyň ýokarlanmagy, belli bir derejede, lukmançylyk enjamlaryna we elektronika bolan islegine baglydyr.
Geçen ýylyň ahyrynda Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaý söwda gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny saklaýan giňişleýin maýa goýum şertnamasy barada ylalaşyk gazandylar. Ýewropa Komissiýasy bu şertnamanyň ýewropaly maýadarlara Hytaý bazarynda görlüp-eşidilmedik mümkinçilik döretmegine garaşýar.
Ýewropa Bileleşigi öň Hytaý bilen deňagramsyz söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň saklanýandygyny mälim edipdi. Brýussel Hytaýdaky Ýewropa kompaniýalarynyň edil Ýewropadaky hytaý kompaniýalary ýaly deň mümkinçiliklerden peýdalanýandygyny öňe sürýär.
ABŞ barada aýdylanda bolsa, bu ýurt 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň ikinji söwda hyzmatdaşy boldy. Ýewropa Bileleşiginiň ABŞ-a eksporty 353 milliard ýewro, importy bolsa 202 milliard ýewro boldy.
Russiýa Ýewropa Bileleşiginiň söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda Şweýsariýadan we Beýik Britaniýadan soň bäşinji orny eýeledi. Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa eksporty 10% azalyp, 79 milliard ýewro deň boldy. Russiýadan Ýewropa Bileleşigine import 34,3% azalyp, 95,2 milliard ýewro deň boldy.