Ang­li­ýa­nyň «Rolls-Royce» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän dün­ýä­niň iň ýo­ka­ry tiz­lik­li uça­ry­ny ön­dür­di. «Spi­rit of In­novation» (In­no­wa­si­ýa­nyň ru­hy) at­ly ho­wa gä­mi­si­niň il­kin­ji sy­na­gy 11 mi­nut do­wam edip, sagatky tizligi 620 kilometre ýeter. Uça­ryň tiz­li­gi ozal­ky re­kord­dan 220 km ýo­ka­ry bol­dy. Bu re­kord 2017-nji ýyl­da «Sie­mens» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «e-Aircraft» at­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lan «Extra 330 LE Ae­ro­ba­tic» uça­ry bi­len goý­lup­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Wor­ren Ist bü­tin dün­ýä­niň COP26 ho­wa mas­la­ha­tyn­da glo­bal ýy­ly­ly­ga gar­şy, ama­ly ze­rur­lyk­la­ra üns gö­nük­dir­me­gi bi­len ge­rek­li teh­no­lo­gik ädim­le­ri üp­jün et­mek mak­sa­dyny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin işe gi­ri­şen­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, uçar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 30 mi­nut­dan gowu­rak uçup bil­ýär. Sy­nag uçu­şyn­da top­la­nan mag­lu­mat­lar tas­syk­lan­ma­gy üçin awia­si­ýa ha­sa­ba alyş­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän Hal­ka­ra Awia­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ibe­ril­di.
Bu uça­ry ön­dür­mek üçin iş­le­nip dü­zül­ýän teh­no­lo­gi­ýa­nyň gel­jek­de uç­ýan tak­si­le­riň önüm­çi­li­gin­de hem ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mak­sat BER­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.