Hytaýyň paýtagty Pekiniň 110 kilometr günortasyndaky Sýunan şäherinde dünýäniň iň ýokary tizlikli interneti ýola goýuldy. «Huawei» hem-de «China Unicom» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy bilen hyzmata hödürlenen «50G Passive Optical Network» (PON) tehnologiýasy sekuntda 9 834 Mb maglumaty göçürip almaga mümkinçilik berýär. Bu görkeziji 10 Gb/sekunda örän golaý. Internet aragatnaşygynyň 5-nji nesli nazaryýetde şeýle tizlige mümkinçilik berýär. Geljekde 6G tehnologiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen tizligiň 100 GB/sekunda ýetirilmegine garaşylýar.
Ogulgerek AGAMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.