Botswanadaky Karowe käninden gymmat bahaly iri daşyň tapylandygy mälim edildi. «Lucara Diamond» korporasiýasyna degişli bolan kände agramy 1 müň 305 karatdan gowrak bolan göwher tapyldy. Ölçegi 79,9 mm x 34,1 mm x 51,9 mm bolan ak reňkli daşyň bitewidigi bellenilýär.
«Lucara» korporasiýasy bu ýerde 2012-nji ýyldan bäri gymmat bahaly daşlary gözlemek bilen meşgullanýar. Häzire çenli bu ýerden onlarça göwher tapyldy. Täze tapylan daşyň bu ýerden tapylan agramy 1000 karatdan ýokary bolan 10-njy göwherdigi mälim edildi.
Mundan ozal Karowe käninden «Motswedi» atly 2 müň 488 karatlyk hem-de «Lesedi La Rona» atly 1 müň 109 karatlyk iri daşlar tapylypdy.
PDF









