Islandiýada geçirilen ählihalk sala salşygynyň ilkinji netijelerine görä, ýurduň raýatlary Ýewropa Bileleşigine goşulmak boýunça gepleşikleriň täzeden başlanmagyna garşy çykdylar. Saýlaw okruglarynyň bäşisinde sesleriň 52,5 göteriminiň bu ädime garşy bolandygy mälim edildi.
Paýtagt Reýkýawigiň ýaşaýjylary bu ädime oňyn garaýan hem bolsalar, oba ýerleriniň ýaşaýjylary balyk tutmak we oba hojalygy çäklendirmelerinden howatyrlanyp garşy ses berdiler. Ýurt 2009-njy ýylda maliýe çökgünligi sebäpli ÝB-a arza beripdi, soňra 2015-nji ýylda dalaşgärlikden ýüz öwrüpdi. Häzirki wagtda geosyýasy üýtgeşmeler we ABŞ tarapyndan girizilmegi mümkin bolan paçlar sebäpli bu mesele täzeden gün tertibine getirilipdi.
PDF








