Ispaniýada ýaşaýan 1 milliondan güýjüni saklaýan resminamasy bolmadyk migrant ýurtda ýaşamak üçin ýüz tutdy. Mundan ozal ýurduň Hökümeti migrantlara degişli resminamalary bermek hem-de olaryň jemgyýete doly goşulmagyny gazanmak maksady bilen daşary ýurtlulara resmi rugsat bermek maksady bilen kararnama çykarypdy. Degişli resminamany almak üçin migrantlara 15-nji aprelden 1-nji iýula çenli möhlet berildi. Degişli döwürde garaşylandan iki esse adam resminama almak üçin ýüz tutdy.
Kararnama görä, şu ýylyň 1-nji ýanwarynda öň Ispaniýa baran, azyndan 5 aý yzygiderli ýaşan, hiç hili jenaýat işine goşulmadyk, jemgyýetiň asudalygyna hiç hili howp salmaýan ähli migrantlara, ýaşamak we işlemek üçin ýüz tutmaga rugsat berildi.
Resmi maglumatlara görä, Ispaniýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany 2002-nji ýyldan bäri iki esse artypdyr. Häzirki wagtda ýurduň ýaşaýjylarynyň bäşden birini migrantlar emele getirýär.
PDF









