Dünýäde ilkinji robotlaşdyrylan myhmanhana gurulýar

2

Hytaýda işgärleriň goşulyşmazlygynda işlejek dünýäniň ilkinji «Next Medical Hotel» atly myhmanhanasynyň gurluşygyna başlandy. Bu ägirt uly «Shenzhen-Zhongshan Link» atly taslamanyň düzümindäki Günbatar emeli adasynda amala aşyrylýar. Desganyň açylyşy 2027-nji ýylda meýilleşdirilip, robotlaşdyrylan hyzmatlaryň ilkinji synaglary şu ýylyň ahyrynda başlar. Täze desganyň dolandyrylyşyny «Pudu Robotics» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen robot ulgamy üpjün eder. Olar myhmanlary hasaba almak, goşlary we sargytlary otaglara eltmek, arassaçylyk işlerini geçirmek, tagamlary taýýarlamak hem-de gelýänlere ýol görkezmek ýaly gündelik wezipeleri doly öz üstüne alarlar. Adatdan daşary ýagdaýlary çözmek we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek işleri bolsa adamlar tarapyndan amala aşyrylar.
Taslamanyň esasy aýratynlygy aýratyn robot enjamlaryna däl-de, dürli görnüşli maşynlaryň özara baglanyşykly işlejek bitewi intellektual ulgamyna esaslanmagydyr. Bu ulgam «PuduFM 1.0» emeli aň modeli we «PuduAgent» programma platformasy arkaly dolandyrylar. «Pudu Robotics» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Go Sunuň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk ýokary derejeli myhmanhana ulgamynda emeli aňy giňden ornaşdyrmakda möhüm ädim bolar. 44 otagdan, restorandan we sport zalyndan ybarat bolan bu myhmanhanada kompýuter görüş tehnologiýalary arkaly işleýän dürli ugurdaky robotlar ulanylar. Barlag geçirijiler taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, geljekde adanyň beýleki syýahatçylyk desgalaryny hem doly awtomatlaşdyrmagy meýilleşdirýärler.