Italiýada wagtyndan öňki saýlawlar geçiriler

1

Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni ýurtda geljekki ählumumy saýlawlary kanun tarapyndan bellenilen möhletinden has ir, ýagny, geljek ýylyň aprel aýynda geçirmegiň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada “Bloomberg” agentligi mälim edýär. Çeşmäniň habar bermegine görä, Premýer-ministr munuň bilen baglylykda, eýýäm, Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarellanyň diwany bilen degişli maslahatlaşmalary geçirdi. Ýurduň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, parlamenti dargatmak we saýlawlaryň senesini bellemek ygtyýarlygy döwlet Baştutanyna degişlidir.
Hökümet Baştutanynyň saýlawlary irräk geçirmek meýli ýurtdaky syýasy ýagdaýlar we 2027-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek saýlawlaryň täze hökümete döwlet býujetini tassyklamaga ýeterlik wagt galdyrmajakdygy baradaky aladalar bilen düşündirilýär. Şeýle hem hökümet Baştutany geljekde öz syýasy reýtinginiň peselmeginden ätiýaç edýär.