Medeni diplomatiýa we Magtymguly Pyragynyň sebitdäki orny

0

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň we tutuş Merkezi Aziýanyň medeni giňişligindäki iň görnükli edebi hem-de pelsepewi şahsyýetleriň biridir. Onuň dünýä medeniýetindäki ornuny we galdyran mirasyny diňe bir milletiň ýa-da ýurduň edebiýatynyň çäkleri bilen häsiýetlendirmek mümkin däldir diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň IRNA resmi habarlar agentligi habar berýär.
Beýik söz ussadynyň gymmaty onuň sebitiň dil, tasawwuf (sopuçylyk) we ahlak däp-dessurlarynyň utgaşýan nokadynda orun almagy bilen şertlendirilýär. Pyragy özüniň ölmez-ýitmez döredijiligi arkaly Eýranyň, Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň taryhy taýdan goňşy halklarynyň arasyndaky medeni-ruhy köprüleri täzeden dikeltdi.
Häzirki zaman medeniýet diplomatiýasy boýunça ylmy seljermelerde Magtymguly Pyragyny milli çäklerden daşary çykýan bütindünýä şahsyýetleriniň we umumadamzat ruhy-medeni gymmatlyklaryň hataryna goşmak doly esaslydyr. Bu çemeleşme öz döredijiliginiň çuňňur many-mazmuny we jemgyýetçilik ykrarnamasy netijesinde syýasy serhetlerden aşyp, sebitiň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni şahsyýetleriň ornuny ýene bir gezek subut edýär. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň şygyr dünýäsi diňe bir ahlaklylyk, adalatlylyk we tasawwuf gymmatlyklaryny özünde jemlemän, eýsem, eýran medeniýeti, türkmen dünýäsi we Merkezi Aziýa sebitiniň medeni däp-dessurlarynyň arasynda ygtybarly dostluk hem-de doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýär.
Halkara medeni gatnaşyklar gurşawynda şeýle umumy gymmatlyklaryň ähmiýeti olaryň döwletleriň arasynda özara medeni ynamyň berk binýadyny döretmek ukybynda jemlenýär. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklary ösdürmekde medeniýet hem-de umumy miras gurşawy parahatçylykly platforma hökmünde çykyş edip, özara düşünişmegi we netijeli gepleşikleri dowam etdirmegiň durnukly guraly bolup durýar. Şu jähetden, Magtymguly Pyragynyň baý mirasyny täzeden öwrenmek we dünýä ýüzüne giňden wagyz etmek diňe bir edebi-ylmy çäre bolman, sebit derejesindäki medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Has çuň manyda aýdylanda, Magtymgulynyň eserlerini Eýranyň we Merkezi Aziýanyň siwilizasiýa giňişligindäki umumy jemgyýetçilik ahlagynyň hem-de ynsanperwerliginiň beýany hökmünde kabul etmek bolar. Bu ahlak kadalary adalatlylyga, ýokary ruhyýete, jemgyýetçilik jogapkärçiligine hem-de ynsanyň hakykatyň gözlegine bolan ygrarlylygyna esaslanýar. Söz ussadynyň goşgularynyň wagt geçse-de her döwre laýyk täze öwüşgin bilen kabul edilmegi, öz gymmatyny ýitirmän dowam etmegi we sebitiň dürli nesilleriniň aňynda öçmejek yz galdyrmagy hut şu aýratynlyklar bilen baglydyr.
Şundan ugur alyp, halkara medeni we ylmy maksatnamalaryň çäginde Magtymguly Pyragynyň mirasynyň yzygiderli öwrenilmegi hem-de dabaralandyrylmagy medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň we sebitara hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmekde strategik ähmiýete eýedir. Şeýle çemeleşme Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara medeni taýdan täzeçe galkynyş berer hem-de bu hyzmatdaşlygy diňe bir syýasy-ykdysady ugurlar bilen çäklendirmän, has çuňňur, siwilizasiýalaryň arasynda özara düşünişme derejesine göterer.