Mar­ga­ri­ta piz­za­sy. «Piz­za Marg­he­ri­ta» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ta­gam il­ki­baş­da XIX asyr­da Nap­les­de bi­şi­ri­lip baş­lan­ýar. Şa ze­na­ny Mar­ga­ri­ta üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan bu piz­za bar­mak­lar bi­len ýa­zy­lan ha­my­ryň üs­tü­ne po­mi­dor go­ýalt­ma­sy, mo­za­rel­la peý­ni­ri we ter reý­han ýap­rak­la­ry go­ýul­ýar. Piz­za ýö­ri­te peç­de bi­şi­ril­ýär. Adat­ça Mar­ga­ri­ta piz­za­sy dört bö­le­ge bö­lü­nip, gyz­gyn­ly­gy­na müş­de­ri­le­re hö­dür­len­ýär. Gy­zyl, ak we ýa­şyl reňk­le­ri bi­len Ita­li­ýa­nyň baý­da­gy­ny şe­kil­len­dir­ýän bu ta­gam dün­ýä­de iň köp iýil­ýän gu­rak na­har­la­ryň bi­ri­dir.
Kar­bo­na­ra. Ital­ýan aş­ha­na­sy­nyň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan kar­bo­na­ra gaý­na­dy­lan spa­get­ti­niň ýa-da una­şyň üs­tü­ne in­çe­jik gyý­lan et, gyr­gyç­dan ge­çi­ri­len peý­nir we ýu­murt­ga goý­lup taý­ýar­lan­ýar. XX asyr­da La­sio se­bi­tin­de oý­la­nyp ta­py­lan bu ta­gam ha­ky­ky nus­ga­syn­dan da­şa­ry dür­li gör­nüş­ler­de hem taý­ýar­lan­ýar.
La­zan­ýa. Ma­ka­ro­nyň iň ga­dy­my gör­nü­şi bo­lan la­zan­ýa­dan taý­ýar­lan­ýan bu ta­gam gat-gat edi­lip taý­ýar­lan­ýar. Ha­myr ýa­ly dört­burç ke­si­len la­zan­ýa­nyň her ga­ty­nyň ara­sy­na peý­nir go­ýul­ýar we üs­tü­ne be­şa­mel bulamagy gu­ýul­ýar. Soň­ra peç­de bi­şi­ri­lip, bö­lek­le­re bö­lü­nip hödür edilýär. Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge tor­ta meň­ze­ýän bu ta­gam Bo­lon­ýa se­bi­ti­niň iň ga­dy­my ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Asyr­lar­bo­ýy taý­ýar­la­ny­lyp ge­lin­ýän bu ta­ga­ma beý­le­ki ýurt­lar­da hem uly is­leg bil­di­ril­ýär.
«Ri­sot­to al­la Mi­la­ne­se». Tü­wü­den taý­ýar­la­nyl­ýan ta­gam­la­ryň bi­ri bo­lan «Ri­sot­to al­la Mi­la­ne­se» Mi­la­nyň iň meş­hur ta­ga­m­la­ry­nyň bi­ri­dir. Sa­ry tü­wä saf­ran go­şu­lyp taý­ýar­la­nyl­ýan bu ta­gam şi­re­li­li­gi we hoş­boý ysy bi­len ta­nal­ýar. Ital­ýan res­to­ran­la­ryn­da «Ri­sot­to al­la Mi­la­ne­se» adat­ça ikin­ji nahar hök­mün­de be­ril­ýär.
«Os­so­buco». Mi­la­nyň ýer­li aş­ha­na­sy­nyň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Os­so­buco» gaý­na­dy­lan ýi­lik­li et­den taý­ýar­la­nyl­ýar. Gri­mo­la­ta oty, po­mi­dor, sel­der­ýa, so­gan, kä­şir ýa­ly gök önüm­ler hem go­şul­ýan bu ta­gam uzak wagt­lap pes ot­da gaý­na­dyl­ýar. Adat­ça bu ta­gam gaý­na­dy­lan saf­ran­ly tü­wi bi­len bi­le­lik­de be­ril­ýär.
Tor­tel­li­ni. Bö­re­ge meň­zeş bu ta­gam Ita­li­ýa­nyň Bo­lon­ýa we Mo­de­na şä­her­le­ri­ne mah­sus ma­ka­ron­dan taý­ýar­la­nyl­ýar. Däp bol­şy ýa­ly, bu ta­ga­myň hur­şu­na ow­nuk dog­ra­lan et, par­me­san peý­ni­ri, ýu­murt­ga we ow­ra­dy­lan hoz go­şul­ýar. Ha­my­ra sal­nyp bü­kü­len­den soň, ka­pon çor­ba­sy­na aty­lyp gaý­na­dyl­ýar. Gap­la­nan, gu­ra­dy­lan we so­wa­dy­jy­da doň­du­ry­lan gör­nüş­de dün­ýä­niň köp ýe­rin­de sa­tyl­ýan tor­tel­li­nini öý­de hem taý­ýar­lap bol­ýar.
Flo­ren­tin bifş­tek­si. Gö­lä­niň et­li bil-oňur­ga süň­kün­den taý­ýar­lan­ýan bu ta­gam Tus­kan se­bi­ti­niň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ta­ga­my is­len­dik et­den taý­ýar­lap bol­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li syg­ryň çia­ni­na to­hu­my ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Kö­züň üs­tün­de suw­lu­ja edi­lip bi­şi­ril­ýän flo­ren­tin bifş­tek­si eti halaýanlaryň iň lezzetli ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir.
«Arancini». Gow­ru­lan çö­rek bö­lek­le­ri Si­si­li­ýa­nyň aş­ha­na­sy­nyň esa­sy ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Içi­ne dog­ra­lan et, peý­nir ýa-da gök önüm­ler sal­nyp bi­şi­ril­ýän bu ta­gam üçin çö­re­gi ow­rad­ýar­lar we ýe­ral­ma ýa-da no­hut pü­re­si bi­len gar­ýar­lar. «Al­tyn top­ja­gaz­lar» Ita­li­ýa­nyň iň meş­hur kö­çe ta­ga­mla­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Kap­re­ze iş­däa­ça­ry. Di­lim­le­nen tä­ze moza­rel­la peý­ni­ri, po­mi­dor, reý­han ýap­rak­la­ry, duz we zeý­tun ýa­gy go­şu­lyp taý­ýar­lan­ýan bu iş­däa­çar Mar­ga­ri­ta piz­za­sy ýa­ly Ita­li­ýa­nyň baý­da­gy­ny şöh­le­len­dir­ýär. Ita­li­ýa­da gü­nüň is­len­dik wag­ty iýil­ýän bu iş­däa­çar adat­ça na­ha­ryň ýa­ny bi­len be­ril­ýär. Kap­re­ze iş­däa­ça­ry piz­za ýa-da send­wiç ýa­ly gör­nüş­de hem taý­ýar­la­n­ýar. Iş­däa­çar Kap­ri ada­sy­nyň ady­ny gö­ter­ýär.
Ti­ra­mi­su. Ko­fe­niň kül­ke­si, ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy, şe­ker we mas­kar­pon peý­ni­ri hem-de ka­kao to­zy ga­ry­lyp taý­ýa­la­nyl­ýan bu de­sert Ita­li­ýa­da iň köp iýil­ýän süý­jü­lik­le­riň bi­ri­dir. «Me­ni al, me­ni be­gen­dir» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan bu süý­jü­likden şo­ko­la­dyň we ko­fe­niň hoş­boý ysy gel­ýär. Bu ­taga­ma, esa­san, ko­fe we şo­ko­lad sö­ýü­ji­ler uly is­leg bil­dir­ýär­ler.