Halkara kardiologlar bileleşiginiň hünärmenleri häzirki wagtda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çäklerindäki çekeleşikli oýunlary synlamagyň ýürek-damar keselleri bolan adamlar üçin janlaryna howp salyp biljekdigini duýdurýarlar. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş hünärmenleriniň bellemegine görä, oýun pursatlarynda döreýän güýçli emosional tolgunmalar, aýratyn-da, ýürek ritminiň çaltlanmagyna, gan basyşynyň ýokarlanmagyna we stress gormonlarynyň köpelmegine getirýär. Geçirilen ylmy barlaglar dartgynly oýun pursatlarynda janköýerleriň ýürek urşunyň takmynam sagatda 150 urga çenli ýetip biljekdigini görkezdi, bu bolsa gysga aralyga ylgaw (sprint) wagtyndaky agramlylyk bilen barabardyr.
Ýewropanyň kardiologiýa ulgamynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, emosional durnuksyzlyk, aýratyn-da, janköýerleriň oýunlary göni ýaşyl meýdançada synlaýan hem-de anomal yssy howa şertlerinde bolýan wagty has-da güýçlenýär. Şunuň bilen baglylykda, arterial gipertoniýasy, aşa semizligi bolan, çilim çekýän ýa-da öňden ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýän raýatlara aýratyn ätiýaçlylyk çärelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Hünärmenler futbol oýunlaryny synlamagyň öz-özünden howp döretmeýändigini, emma organizmiň oňa bolan aşa emosional reaksiýasynyň gan-damar ulgamynda näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup biljekdigini nygtaýarlar. Saglyk ýagdaýynda töwekgelçilik bar bolan şahslara lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini yzygiderli kabul etmek, zyýanly endiklerden hem-de spirtli içgilerden daşda durmak, şeýle hem gursakda agyry ýa-da demgysma ýaly ilkinji alamatlar ýüze çykanda tiz lukmançylyk kömegine ýüz tutmak maslahat berilýär.
PDF









