Kapasadaky kalp

9

(He­ka­ýa)

An­ton ÇE­HOW, rus ýa­zy­jy­sy.

Zemst­wo eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Ýe­gor Fýo­do­ro­wiç Şma­hin pen­ji­rä­niň öňün­de dur­şu­na bar­mak­la­ry bi­len aý­na­ny ga­har­ly tyr­kyl­dat­ýar­dy. Sa­gat­lar­dyr mi­nut­lar şeý­le ­bir ha­ýal geç­ýär­di we­lin, içi­ni it ýyrt­ýar­dy… Ol iki ge­zek ýat­mak üçin dü­şe­ge do­lan­dy, em­ma gö­zü­ne çiş ka­ky­lan ýa­ly­dy, iki ge­zek gü­nor­tan­lyk edin­mä­ge hy­ýal­lan­dy, al­ty ge­zek da­gy çaý içen­dir, em­ma içi­ň ýa­ka­ýyn diý­ýän ýa­ly, Gün ýa­ňy öý­le­den agyp­dy.
Pen­ji­rä­niň aňyr­syn­da çal hem-de iç­gys­gynç man­zar gö­rün­ýär­di. Taş­la­nan bag­da­ky çyp­laň agaç­la­ryň ara­syn­dan çä­ge­söw ke­nar gö­ze il­ýär­di… On­dan ýa­rym ar­çyn pes­lik­de der­ýa akyp ýa­tyr­dy. Do­ňy çöz­len der­ýa gö­ýä özü­ni agyz­dy­ryk­lap, ýe­ne gy­şyň buz­ly gan­da­ly­na örk­lär­ler öý­düp gork­ýan mis­li gys­san­maç ak­ýar­dy. Kä­te Şma­hi­niň göz­le­ri­ne ere­män ga­lan, uçu­şyp ýö­ren ak buz bö­le­jik­le­ri kak­lyş­ýar­dy.
– Şol buz­ja­ga­za mü­nüp, alys bir ýer­le­re git­se­diň…
Ke­nar­da boý­nu­ny sal­lap eli ba­lyk tu­tul­ýan uzyn ga­ňyr­çak­ly ga­ra­wul And­ri­an apaň-apaň ba­syp aý­la­nyp ýör­di, ol ara­syn­da özü­niň tu­kat na­za­ry bi­len der­ýa çiň­ňe­ril­ýär­di. Bag­la­ryň tö­we­re­gin­de ga­ra sy­gyr iý­mä­ge me­ýil ed­ýän ýa­ly, ge­çen ýy­lyň hüýt ga­ra ýap­rak­la­ry­ny ys­gaş­dyr­ýar… Şma­hi­ni we onuň mül­kü­ni hem goş­mak bi­len, bu sa­da­ja man­zar mäh­net tüý­li tel­pe­ge meň­ze­ýän gy­myl­dy­syz bu­lut­lar bi­len ba­sy­ry­lyp­dyr, em­ma bu gör­nüş­de gel­jek ba­ha­ryň ýa­ky­my-da du­ýul­ýar­dy. Ş­ma­hi­niň we­lin, ba­ry­bir içi gys­ýar­dy. Ol pen­ji­rä­niň öňün­de dur­şu­na ag­şam zemst­wo­nyň ömür­lik ag­za­sy Rýab­lo­wyň­ky­da wint oý­nal­jak­dy­gy­ny, Mar­ýa Ni­ko­la­ýew­na­nyň Pet­ýa­jy­gyň dog­lan gü­nü­ni baý­ram et­jek­di­gi­ni ýa­dy­na sal­dy. Bu üýş­me­leň­le­riň is­len­di­gi­ne git­se-de, ol tu­kat wag­tyň nä­dip ge­çe­ni­ni duý­maz­dy. Em­ma nä­dip gi­der­siň, jo­şan der­ýa äh­li ýol­la­ry gark edip­dir, mülk ýe­riň çar ýa­ny­ny jolk gar suw­ly käl­ler ga­bap­dyr.
Şma­hin hä­zir özü­ni edil ka­pa­sa­da ýa­ly duý­ýar­dy… Ol pen­ji­rä­niň öňün­de kän dur­dy… Rýa­blo­wyň­ky­da eý­ýäm wint oý­na­ma­ga otu­ran­dyk­la­ry, Mar­ýa Ni­ko­la­ýew­na­nyň­ky­da çaý ba­şyn­da mer­gi we Hy­rat ha­kyn­da gy­ba­ta ýa­tan­dyk­la­ry ba­ra­da­ky pi­kir oňa çy­dam edip bol­ma­jak de­re­je­de agyr deg­di. Ol «Tüff!» edip, kel­le­sin­dä­ki äh­li pi­kir­le­ri ko­wuş­dyr­dy-da, pen­ji­rä­niň öňün­den aý­ry­lyp, sto­luň ba­şyn­da çök­di.
Te­ge­lek sto­luň üs­tün­de, çy­ra­nyň hem-de kül­da­nyň gap­dal­jy­gyn­da su­rat­ly al­bom ýa­tyr­dy. Şma­hin ony öň mil­li­on ge­zek da­gy syn­lan­dyr, em­ma iç­gys­ma­dan ede­re işem bol­man­soň, al­bo­my ýe­ne açyp, su­rat­la­ra çiň­ňe­ril­mä­ge otur­dy. Onuň gö­zü­niň öňün­de nä­ze­nin uýa­jyk­lar, reň­ki öçen daý­za­jyk­lar, in­çe bil­li ofi­ser, ak çe­pes­li gar­ry ene, ýa­ny to­tam­ly Ýe­fim ata, haý­sy­dyr bir tri­ko ba­lak­ly akt­ri­sa, onuň özi, gu­ja­gy gü­jü­jek­li mer­hum keý­wa­ny­sy peý­da bol­dy… Şma­hi­niň na­za­ry bir mi­nut­lyk aýa­lyn­da eg­len­di… ger­lip du­ran ga­lam gaş­lar, geň gal­ma bi­len bak­ýan kä­se göz­ler, döş­dä­ki gül­ýa­ka… on­da bir­gi­den ýat­la­ma­la­ry oýar­dy.
– Pä­heý, jyn uran diý­sä­ni!
Sa­ga­dyň dil­le­ri ýe­diň ýa­ry­ny kak­dy. Şma­hin di­wan­dan tur­dy, burç­dan bur­ça gat­na­dy, mak­sat­syz ota­gyň or­ta­syn­da sak­lan­dy.
«Du­ral­ga­da otyr­syň hem ga­raş­ýar­syň» di­ýip, pi­kir et­di, «ol ýer­de-hä umyt ed­ýär­siň, ine, hä diý­män ot­ly ge­ler, se­nem ap-ar­ka­ýyn­ja, gypynç et­män mü­ner gi­di­be­rer­siň. Bär­de we­lin, ga­ra­şa­ra za­dam ýok… tü­ken­me­jek ga­raş­ma­lar… ha­kyt dar­dan asy­laý, al kak­myş diý­sä­nim… Şam­lyk edi­näý­sem­mi­käm? Ýok, ja­nyň çy­kaý­sa-da, he­niz ag­şam na­ha­ryn­dan ir…».
Ol bur­ça ba­ran­da, te­ge­lek sto­luň üs­tün­dä­ki küşt tag­ta­sy­na gö­zi düş­di.
– Ýa şaş­ka oý­naý­sam­my­kam?
Ak­ly-ga­ra­ly oýun çöplerini tag­ta­nyň üs­tün­de ýer­leş­di­ren Şma­hin stol­ju­gyň ba­şy­nda çö­küp, öz-özi bi­len oý­na­ma­ga baş­la­dy. Gar­şy­daş­lar onuň sag we çep el­le­ri­di.
– In­di sen göç… Hüm-m… Dur­sa­na, gar­daş… Ine, men şeý­dä­ýe­rin! Ýe­ri, bol­ýar, gö­rü­be­re­ris…
Em­ma çep el sag eliň nä­me is­le­ýän­di­gi­ni des­lap­dan bil­ýär­di, şo­nuň üçin Şma­hi­niň özi-de el­le­ri­niň ha­sa­by­ny ýi­ti­rip, bu­laş­dy.
– Il­ýuş­ka! – di­ýip gy­gyr­dy.
Eg­ni göw­şül­län, ýag si­ňen suýr­tuk­ly, ýyr­tyk ädik­li, ar­ryk­dan şil­liň ýig­dek­çe ga­py­da peý­da bol­dy.
– Sen o taý­da nä­me ed­ýär­siň? – di­ýip, ba­ýar so­ra­dy.
– Hiç zat-laý… san­dyk­da oty­ryn…
– Gel, ha­ny, bir­ki döw şaş­ka oý­na­ly! Çök!
– Aýd­ýa­ny­ňyz nä­me?.. – Il­ýuş­ka it ýyl­gy­ry­şy­ny et­di. – Hy­ýa­la gel­jek zat­my, ho­ja­ýyn?..
– Gel, sam­syk! Çök!
– Hiç, dik dur­sa­gam bo­lar-laý…
– Otyr diý­di­ler­mi, otur-da! Sen nä­me, üstüme abanyp dur­saň, ma­ňa hoş ýa­kar öýd­ýäň­mi?
Il­ýuş­ka ýaý­da­nyb­rak hem-de sam­syk­laç ýyl­gyr­ma­sy­ny goý­man, otur­gy­jyň gy­ra­jy­gyn­da or­naş­dy, çe­kin­jeň­lik bi­len göz­le­ri­ni gyr­pyl­dat­dy.
– Göç!
Il­ýuş­ka pi­kir­len­di, so­ňam kü­lem­bi­ke­si bi­len il­kin­ji gö­çü­mi et­di.
– Äh-hä, siz şeý­le ýö­re­di­ňiz­mi… – di­ýip, Şma­hin eli bi­len eňe­gi­ni tu­tup oýa bat­dy. – Şeý­le-e… Ine, me­nem şeý­dä­ýe­rin! Göç ba­ka­ly, bi­hep­be!
Il­ýuş­ka ýe­ne gö­çüm et­di.
– Hop ýag­şy… Bil­ýä­rin se­niň ni­rä so­kul­ýa­ny­ňy, sy­pa­tyň gur­sun… Ýö­ne, nä­me-how, sen­den so­gan ysy aň­ka­ýar-la! Sen şeýt­seň, me­nem beý­dä­ýe­rin!
Oýun uza­ga çek­di… Şma­hi­niň­ki il­ki­baş­da çüw­di, ol çöp yzy­na çöp al­dy, dam­ka­la­ra me­ýil­le­nip ug­ran­da, kel­le­sin­de bir bor-bol­maz pi­kir kö­we­jek­läp ug­ra­dy: «Jem­gy­ýet­de özüň bi­len deň de­re­je­li ada­my ýa­ryş­da ýeň­mek hoş ýak­ýar… Em­ma Il­ýuş­ka­ny ut­mak­dan ga­zan­jak za­dym nä­me? Ony ýeň­di­ňem-ýe­ňil­di­ňem, hiç hi­li he­zil­li­gi ýok ah­be­tin… Oh-ho, şaş­ka­my al­dy pe­lä­ket, se­ret syr­ta­raý­şy­na! Ba­ýa­ry­ny ut­mak ýa­kym­ly-da! Ýog­sam nä­me! So­gan ysyn­dan por­sap otyr, ýe­ne-de özün­den ula pis­lik ky­lan bol­ýar».
– Güm bol! – di­ýip, Şma­hin gy­gyr­dy.
– Ä-ä?
– Güm bol! – Şma­hin ga­har­dan ýa­ňa çym-gy­zyl bo­lup gy­gyr­dy: – Çö­ken bo­lup bär­de, haý­wan diý­sä­nim!
Il­ýuş­ka elin­den şaş­ka­ny ga­çy­ryp, geň gal­ma bi­len ba­ýa­ra ga­ra­dy, so­ňam gö­tin­jek­läp myh­man otag­dan çyk­dy. Şma­hin sa­ga­da se­ret­di: ýa­ňy on mi­nu­ty kem ýe­di… Ag­şam­lyk na­ha­ry­na hem-de gi­jä çenli ýe­ne bäş sa­gat bar­dy… Pen­ji­rä iri ýa­gyş dam­ja­la­ry urul­ýar­dy… Bag­da ga­ra sy­gyr gy­ryl­jak we gus­sa­ly myş­la­ýar­dy, ças­ly ak­ýan der­ýa­nyň se­si hem bir sa­gat mun­dan öň­kü­si ýa­ly bir­syh­ly­dy, iç­gys­gynç­dy. Şma­hin eli­ni silk­di-de, ga­py­nyň sö­ýe­si­ne ça­ky­şyp, mak­sat­syz tüý­kü­rin­di, so­ňam en­ti­rek­läp öz ota­gy­na git­di.
«Eý, Taň­rym!» di­ýip pi­kir et­di. «Beý­le­ki­ler iç­le­ri gy­saý­sa, agaç byç­gy­la­ýar­lar, ölü­le­riň ruh­la­ry­ny ça­gyr­mak bi­len meş­gul­lan­ýar­lar, er­kek­le­ri sür­gi ýa­gy bi­len be­jer­ýär­ler, gün­de­li­jek ýö­re­den bol­ýar­lar, di­ňe men kör­ze­hin, ýal­ňyz özüm bag­ty­ga­ra, bi­hep­be­lik kyl­ýa­ryn… Hä­zir nä­me bi­len özü­mi güý­mä­ýin? Nä­me bi­len? Men zemst­wo eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy, hor­mat­ly yla­laş­dy­ry­jy ka­zy, oba ba­ýa­ry we… em­ma wagt ge­çi­re­re güý­men­je ta­pa­mok… Ýa bir zat­lar oka­ýsam­my­kam?». Şma­hin bir­gi­den ki­tap­lar­dan mas tu­tan tek­je­le­re go­laý bar­dy. Bu ýer­de ka­zy­ýet gör­kez­me­le­ri, ýol­be­let­lik ki­tap­ça­la­ry, ma­za­ly­ja to­zan basan, em­ma he­niz gyr­kyl­ma­dyk «Bag­ban­çy­lyk» žur­na­ly, aş­pez­lik ki­tap­ça­sy, do­ga ýa­zy­lan ki­tap­ça­lar, kö­ne žur­nal­lar… Şma­hin ynam­syz­lyk bi­len «Dö­wür­deş» žur­na­ly­nyň 1859-njy ýyl­da­ky sa­ny­ny çe­kip al­dy hem-de sa­hy­pa­la­ry­ny agta­ryş­dyr­ma­ga baş­la­dy…
– «Dwor­ýan hö­würt­ge­si»… Bu nä­me? Hä! Tur­ge­new! Okap­dym. Bu ýer­de nä­me ýa­zy­la­ny­ny unut­dym öýd­ýän, ýe­ne bir ýo­la okaý­sa­gam bol­ýar… Tur­ge­new ga­ty go­wy ýaz­ýar… hümm…
Şma­hin di­wan­da süýn­di-de, oka­ma­ga baş­la­dy… Onuň ýal­ňyz kal­by be­ýik ýa­zy­jy­dan te­sel­li tap­dy. On mi­nut ge­çen­den soň­ra Il­ýuş­ka da­rak­ly­gy­na ba­syp ota­ga gir­di, ba­ýa­ryň kel­le­si­niň aşa­gy­na ýas­syk dyk­dy hem-de dö­şün­dä­ki açyk ýa­tan ki­ta­by emaý bi­len çe­kip al­dy…
Ba­ýar hor çek­ýär­di…

Ter­ji­me eden Hem­ra Hu­daý­gu­ly­ýew.