Hytaýyň içerki sebitlerini deňze birikdirmek maksady bilen iri taslama durmuşa geçirilýär. Uzynlygy 134 kilometr boljak Pinglu kanaly gury ýer arkaly gatnadylýan ýüki suw ulaglary arkaly daşamaga mümkinçilik berer. Kanalyň ugrunda ini 20 metre, uzynlygy 240 metre ýetýän geçelge guruldy. Bu ötük ýabany janly-jandarlaryň geçmegi üçin niýetlenipdir. Şol sebäpli onuň üstüne asfalt düşelmän, toprak bilen örtülipdir. Bu ýerde ýabany pişikler, belkalar we beýleki jandarlar ýaşaýar. Şol sebäpli köpriniň üstüne agaçlar we beýleki ösümlikler hem ekilipdir.
Suw geçelgesiniň şu ýylyň dowamynda açylmagyna garaşylýar. Kanal ýurduň günortasyndaky Guansi-Çžuans awtonom sebitini boýdan-başa kesip geçýär.
Kanalyň ulanmaga berilmegi bilen 5 müň tonna çenli bolan gämiler senagat taýdan ösen Nannin şäherinden Bakbu aýlagyna çenli baryp biler. Mundan ozal gämiler bu aralygy egrem-bugram ýollardan geçmeli bolýardylar. Täze kanal bu aralygy 560 kilometr gysgaldar.
Kanal ýurduň içerki sebitlerinde öndürilen önümleri deňiz arkaly alys ýurtlara, esasan, ASEAN ýurtlaryna ugratmaga mümkinçilik berer.
Gurbanmyrat Rejepow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
PDF









