Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän, adam ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ma­ýan gä­mi işe gi­ri­zil­di. Eme­li aň bi­len gö­zeg­çi­lik edil­ýän ýo­lag­çy gä­mi­si elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa bi­len iş­le­me­gi suw ula­gyň ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny azald­ýar. Şeý­le hem gal­ma­gal­syz bol­ma­gy de­ňiz jan­dar­la­ry­ny hem bi­ra­hat et­me­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, uly gä­mi­le­riň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň se­si de­ňiz jan­dar­la­ry­na oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Gä­mi­niň beý­le­ki suw ulag­la­ry üçin hiç hi­li howp dö­ret­me­ýän­di­gi, eme­li aňyň ada­ma ga­ra­nyň­da, has az ýal­ňyş­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Aw­to­nom he­re­ket ed­ýän­di­gi üçin gä­mi has köp gat­naw edip bil­ýär. Gä­mi­niň ön­dü­ri­ji­le­ri onuň ba­ha­sy­nyň 1,5 mil­li­on ýew­ro­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.