Beýik Britaniýanyň poçtasy Korol Karl III-iň portreti goýlan ilkinji markalaryny hödürledi. Bu barada “Times” neşiri habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, monarh markada çepe bakyp duran profilde şekillendirilipdir. Monarhyň şeýle şekiliniň däbi, 1840-njy ýylda Şa zenan Wiktoriýanyň portreti goýlan ilkinji “Penny Black” poçta markasynyň peýda bolmagyndan bäri saklanyp galypdyr.
Bu marka, esasan, hiç hili bezeginiň, täjiniň ýoklugy, ýönekeý fondaky adamyň ýüzi bilen tapawutlanýar – diýip, “Royal Mail”-iň jemgyýet bilen aragatnaşyk boýunça başlygy Deýwid Gold aýtdy. Markada Korollygyň zikgehanasynyň sargydy boýunça suratkeş Martin Jennings tarapyndan ýerine ýetirilen Karl III-iň portretiniň adaptirlenen görnüşi hödürlenýär. Täze marka Londonyň poçta muzeýindäki serginiň bir bölegi bolar. Sergi 2023-nji ýylyň 3-nji sentýabryna çenli dowam eder.
Karl III şekili goýlan markalar 4-nji aprelde satuwa çykarylar, emma, poçta bölümleri Ýelizaweta II-iň portreti goýlan markalar gutarýança olary satmaz. Belli bir döwürde häzirki we öňki monarhlaryň şekilleri bolan markalar bir wagtda dolanyşykda boljakdygy aýdylýar. “Garyşyk frankirleme” diýlip atlandyrylýan şuňa meňzeş ýagdaý geçmişde hem ýüze çykyp, 1911-1913-nji ýyllarda Edward VII we Georg V, 1937-1939-njy ýyllarda Georg V we Georg VI, 1952-1955-nji ýyllarda Georg VI we Ýelizaweta II portretleri bolan markalar bir wagtyň özünde dolanyşykda bolupdy.
Mundan öň Korol Karl III we Ýelizaweta II-iň şekilleri goýlan şaýylyklaryň we banknotlaryň Beýik Britaniýada we baştutany henizem resmi taýdan britan monarhy bolup durýan beýleki ýurtlarda bilelikde dolanyşykda boljakdygy habar berildi.
Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda 96 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Şondan soň onuň ogly Şazada Çarlz ejesiniň ornuna geçip, Korol Karl III adyna eýe boldy. Ýelizaweta II 19-njy sentýabrda Windsor galasynyň meýdançasyndaky Georg VI buthanasynda jaýlandy.