1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki – Daşoguz – Kerki uçar gatnawy gaýtadan dikeldilip petekler satylyp başlandy.
Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylýar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «Boeing 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçýar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam edýär. Uçar Daşoguzdan Kerkä 14:00-da gaýdýar.
Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda açylan Kerki Halkara howa menzilinden diňe Aşgabat ýa-da Daşoguz şäherlerine däl, möwsümleýin görnüşde Türkmenbaşy şäherine hem gatnawlar ýola goýulýar. Deňiz ýakasyndaky şähere goýulýan uçar gatnawy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen baglydyr.