Çempionlygyň dalaşgärlerinden Angliýanyň milli ýygyndysy tasdanam ýaryşdan çykyp bilerdi. Başgaça aýdylanda, futbol wagtyndan ir watanyna dolanyp bilerdi.
Taryhynda 2-nji gezek gatnaşýan Kongo DR-niň ýygyndysy bilen duşuşan iňlisler 7-nji minutda Sipenganyň goluna çäre tapyp bilmediler. Şondan soň hüjüm baryny etselerem olara soňky minutlaryna çenli hasaby deňlemek başartmady. Esasanam Kongo DR-niň derwezeçisi Mpasi erjel oýun görkezdi. Hatda 1-nji ýarymyň ahyrlarynda afrikalylar 2-nji goly hem geçirip bilerdi. Ýöne top sütüne degip meýdançanyň daşyna gitdi.
2-nji ýarymda iki ganatdaky oýunçylaryny çalşan Tomas Tuhel bu taktikasynyň miwesini 75-nji minutda almagy başardy. Şol pursatda oýna soň giren Gordonyň asist etmeginde toparyň ýyldyz hüjümçisi Harri Keýn kelle urgusy bilen topy derwezä girizip hasaby deňledi. Bu goldan 11 minut soňam Harri Keýn has kyn pursatda, 3 oýunçynyň arasyndan topy batly urup, toparyny öňe geçirdi.
Şeýlelikde, Angliýanyň ýygyndysy 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 13-nji gezek 1/8 finala çykdy. Germaniýadyr Niderlandlardan soň häzirlikçe 3-nji garaşylmadyk netijäniň ýüze çykmagyna rugsat bermedik Keýn bolsa Dünýä Kubogyndaky gollarynyň sanyny 13-e ýetirip, Peleden öňe geçdi, Žust Fonten bilen deňleşdi.
PDF









