21–23 awgust aralygynda geçiriljek KidsExpo: «Ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşikler guralar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de bilim merkezleriniň bilelikde guramagynda geçiriljek bäsleşikler ýurdumyzyň çar künjeginden 6-14 ýaşly mekdep okuwçylarynyň 120-e golaýyny bir ýere jemlär. Körpe zehinlerden başga-da, bu bäsleşikleriň hormatly myhmanlarynyň biri Melik Duýar bolar. Ol “Mega Hafyza” guramasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri, şeýle hem halkara derejeli emin bolup durýar. “Mega Hafyza” Ankarada ýerleşip, dürli ýaşly çagalara ýat tutumak usuly arkaly öwrenmegi öwredýär hem-de muňa degişli okuw esbaplaryny taýýarlaýar.
Meýilnama laýyklykda, okuwçylar Mental arifmetikanyň Flaş anzan marafony boýunça bäsleşerler. Bäsleşik 45-50 minut dowam eder.
Soňra çagalaryň ukyp başarnyklary boýunça “Gözýetmez zehinler” alty bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler we SMS arkaly ses berişlik netijesinde belli bolar.
Bäsleşikleriň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli okuwçylary mental arifmetikanyň 3 görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýmaga synanyşarlar:
- Çalt Flaş Anzan. 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany 2 belgili sanlary goşmak. Netije yzygiderli 5 gezek dogry bolmaly.
- Iň çalt ýatdan goşmak. Ekrandaky tablisada çem gelen 100 sany 1 belgili sanlary dogry goşmak. Netije yzygiderli 3 gezek dogry bolmaly.
- Iň çalt ýatdan köpeltmek. 8 belgili sanlary 8 belgili sanlara 10 gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek.
Bäsleşikleriň ahyrynda oňa gatnaşanlara we ýeňijilere ýadygärlik höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary gowşurylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralýan serginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşik 14:00-da başlanýar.