Saud Arabystany Patyşalygynyň taryhy Al-Ula sebitinde dünýäniň iň iri obserwatoriýalarynyň birini öz içine aljak «AlUla Manara» atly täze astroturizm we ylmy-barlag toplumy gurlar. Gurluşyk taslamasy dünýäde älem giňişligine bolan gyzyklanmanyň artýan hem-de şu ýylyň awgustynda we 2027-nji ýylda garaşylýan doly Gün tutulmalary ýaly sebit we dünýä ähmiýetli astronomik wakalaryň öňüsyrasyna gabat geldi. Ýerli dilde «Maýak» manysyny berýän bu döwrebap ylmy-şäherjik diňe bir dünýäniň dürli künjeklerinden geljek syýahatçylar üçin däl, eýsem, halkara alymlar gurşawy üçin hem esasy ylmy merkezleriň birine öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Hegra arheologik toplumy bilen tanalýan Al-Ula sebiti sebitde ilkinjileriň biri bolup «Garaňky asman» seýilgähi diýen derejäni aldy. Şonuň üçin täze taslamanyň hut şu ýerde, şäherden 70 kilometr demirgazykda gurulmagy tötänleýin däldir. Kompleksiň çäginde baş teleskopyň diametri 4 metre, beýleki iki sany goşmaça teleskoplaryňky bolsa 2 metre barabar bolup, bular älem giňişligini has takyk öwrenmäge mümkinçilik berer. Taslama laýyklykda, bu ýerde diňe bir ylmy binalar däl, eýsem ýyldyzlary synlamak üçin ýörite otaglary bolan myhmanhana we ýaşaýyş jaýlary hem bina ediler.
«Heatherwick Studio» binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanylan desganyň binagärlik gurluşy älemdäki galaktikalaryň we planetar halkalaryň aýlanýan spiral şekillerinden, şeýle hem tebigatda duş gelýän matematiki ölçeglerden ylham alnyp döredildi. Ýerine ýetiriji hyzmatdaş Stýuart Wudyň bellemegine görä, adaty ýapyk we tehniki häsiýetli obserwatoriýalardan tapawutlylykda, bu merkez giň jemgyýetçilik üçin doly açyk bolar we ylym bilen syýahatçylygy utgaşdyrar. Baş bina birnäçe sergi zallaryny, planetarini, restorany we üçegindäki syn ediş meýdançasyny öz içine alar.
Häzirki wagtda Ýewropadan Al-Ula halkara howa menziline göni gatnawlar ýola goýulmadyk hem bolsa, syýahatçylar bu ýere Jidda we Er-Riyad şäherleriniň üsti bilen içerki reýsler arkaly, şeýle hem Doha we Dubaý ýaly Pars aýlagynyň iri üstaşyr howa menzil şäherleriniň üsti bilen baryp bilerler. Desganyň resmi taýdan açyljak senesi baradaky maglumatlar soňra mälim ediler.
PDF









