50 ýyl bäri ýok bolup giden hasaplanýan kiwi guşunyň iň kiçi görnüşi Täze Zelandiýada tapyldy. Ýurduň ýabany tebigaty goramak ministrliginiň maglumatlaryna görä, 1978-nji ýyldan bäri ýurduň çäklerinde seýrek duş gelýän menek-menek kiwi ýa-da ownuk menekli kiwi, departamentiň gözegçisi Ien Grem tarapyndan Günorta adanyň günbatar kenaryndaky aýratyn gorag meýdançasyndan tapyldy. Kiwi guşlary ganaty bolmadyk ýeke-täk guş hasaplanýar. Kiwi miwesi hem şu guşa meňzeýändigi sebäpli şeýle atlandyrylypdyr.