26-njy noýabrda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap döwlet dolandyryş edarasynyň Medeniýet bölüminiň «Swiçado» merkezi kitaphana ulgamynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ruhy çyraglar: Skoworoda we Magtymguly» atly şygryýet we saz çäresi geçirildi. Çäre XVIII asyryň görnükli şahsyýetlerine – Gündogaryň we Ukrainanyň pelsepeçileri bolan türkmen şahyry Magtymguly Pyragy we ukrain pelsepeçi-magaryfçysy Grigoriý Skoworoda bagyşlandy.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan medeni çärä döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, alymlar, ýerli dolandyryş edaralarynyň, saz we umumy bilim mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, talyplar we okuwçylar gatnaşdylar.
Çäräni Magtymguly kitaphanasynyň direktory Ýuliýa Lopata açyp, çykyşynda bir döwrüň dürli medeniýetlerinden bolan zehinleriň dünýä halklarynyň hazynasyna goşan goşantlarynyň ebedi ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň diplomatik işgäri hem çykyş edip, ol milli medeniýetde, sungatda we edebiýatda gazanylan üstünlikleri wagyz etmäge, medeni diplomatiýany ösdürmäge we halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy berkitmekde Türkmenistanyň ornuna ünsi çekdi. Aşgabat şäherinde Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy, beýik şahyryň we akyldaryň ýadygärligi hakynda gürrüň berdi. Toplumyň çäginde dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlaryna we akyldarlaryna bagyşlanan ýadygärlikler, şol sanda ajaýyp ukrain pelsepeçisi we magaryfçysy Grigoriý Skoworodanyň ýadygärliginiň ýerleşdirilendigi barada aýdyldy.
Alymlar professor Nikolaý Waskiw we Ýuriý Peleşenko dünýägaraýyşlaryň ajaýyp sazlaşygy, şol bir döwrüň ajaýyp pelsepeçileriniň işindäki we durmuş ýollaryndaky meňzeşlikler barada bilermen pikirlerini beýan etdiler. Olar şahyrlaryň şahsyýetine, ahlagyna we ýagşylyk babatdaky mowzuklaryna, şeýle hem döredijilik ýollarynyň tapawutly aýratynlyklaryna üns berdiler. Magtymguly mirasy diňe bir paýhas bilen däl, eýsem öz halky üçin parahatçylykly we bagtly durmuşa bolan teşnelik mowzuklary bilen baý medeni mirasyny geljekki nesillere galdyrdy. Onuň goşgulary Watana bolan söýginiň tükeniksiz çeşmesidir.
Kitaphananyň okalga zalynda Magtymguly Pyragynyň we Grigoriý Skowrowodanyň eserleriniň ýygyndylary, tematiki surat sergisi we Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy barada wideoşekiller görkezildi.Şahyrlaryň goşgulary asyl nusgada we terjimede çeper okadyldy.
Agşamyň sazly böleginde Grigoriý Skoworodanyň we Taras Şewçenkonyň sözlerine ýerine ýetirilen eserler, şeýle hem ussatlar toparlaryň ýerine ýetiren türkmen we ukrain halk sazlary ýaňlandy. Däp boýunça dutarda milli türkmen sazlary hem ýerine ýetirildi.