133 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän “Eastman Kodak” kompaniýasy öz işiniň bes edýändigi barada maýadarlara habar berdi. Bu barada CNN habarlar gullugy mälim edýär. Surat materiallaryny öndürijiniň soňky hasabatynda, takmynan, 500 million dollar karzy üzmek üçin kepillendirilen serişdäniň ýoklugy aýdylýar.
1970-nji ýyllarda fotoplýonkalaryň satuwynyň 90 göterimini we ABŞ-da foto enjamlaryň 85 göteriminiň satuwyny «Kodak” eýeledi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa öz ornuny saklap bilmedi. Ol sanly tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmedi we 2012-nji ýylda batandygyny yglan etdi. Şol döwürde “Kodak”-yň 100 müň sany karz alýan edarasy bolup, umumy karzy 6,75 milliard dollara ýetdi.
2020-nji ýylda brendi janlandyrmak synanyşygy edildi we kompaniýanyň paýnamalary wagtlaýynça 12 esse ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, içerki söwda kanunlarynyň bozulmagy baradaky dawa uly zyýan ýetirdi.
Hünärmenleriň pikiriçe kompaniýanyň batmagynyň esasy sebäbi sanly fotosuratyň geljegini wagtynda kesgitläp bilmezligidir. Sanly rewolýusiýanyň gutulgysyzdygyny tassyklaýan içerki barlaglara garamazdan, “Kodak” foto enjamlaryň plýonkasyny gowulandyrmak üçin maýa goýmagyny dowam etdirdi.