Oksford uniwersitetiniň hünärmenleri laboratoriýa şertlerinde uçar hereketlendirijileri üçin kömürturşy gazyndan ýangyç öndürmegi başardylar. Bu usulyň wodorod ýangyjyny öndürmekden aňsat we arzan boljakdygy mälim edildi. Önümçilige ornaşdyrylan ýagdaýynda, sözüň doly manysynda daşky gurşawa hiç hili zeper ýetirmeýän uçarlar peýda bolar. Häzirki wagtda awtoulaglaryň nebitden alynýan ýangyjyň deregine elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleri peýda bolup başlady. Hatda, elektrik energiýasy bilen işleýän kiçiräk ýolagçy uçarlary hem bar. Laboratoriýa şertlerinde ýokary netije beren hem bolsa, bu usulyň durmuşa geçirilmegi üçin wagt gerekdigi bellenilýär. Sebäbi, äpet ýolagçy uçarynyň ýüzlerçe kilometr uzaga gitmegi üçin köp mukdarda ýangyç gerek.