Bakuda Ählumumy şäher forumy işine başlady

2

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde BMG-niň Dowamly urbanizasiýa boýunça öňdebaryjy ählumumy maslahaty bolan Ählumumy şäher forumynyň 13-nji sessiýasy (WUF13) öz işine başlaýar. 17–22-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre dünýäniň 182 ýurdundan 40 müňden gowrak wekili – hökümet agzalaryny, häkimleri, arhitektorlary we alymlary bir ýere jemläp, öz taryhynda iň uly halkara forum bolar. BMG-niň Adam we ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) guramagynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu abraýly maslahat şu ýyl “Ähli we her bir adam üçin ýaşaýyş jaýy: Howpsuz we durnukly şäherler hem-de jemgyýetler” diýen şygar astynda guralýar.
Bu uly göwrümli çäräniň guralmagy dünýäde ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly ýüze çykýan ählumumy krizis we urbanizasiýanyň çalt depginler bilen ösmegi esasynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň azyndan 3 milliardy talaplara laýyk gelmeýän jaýlarda ýaşaýar, 1 milliarddan gowragy bolsa emele gelen bikanun ilatly nokatlarda hem-de garyp sebitlerde gün-güzeranyny geçirýär. UN-Habitat guramasynyň çaklamalaryna görä, eger-de çalt we netijeli çäreler görülmese, 2050-nji ýyla çenli şeýle kyn şertlerde ýaşaýan adamlaryň sany üç esse artyp, 3 milliarda ýetip biler. Häzirki döwürde dünýädäki her bäşinji hojalyk öz girdejisiniň 40 göteriminden gowragyny ýaşaýyş jaýy üçin sarp edýär, çünki 2010-njy ýyldan bäri jaýlaryň bahasy dört esse ýokarlandy. Şeýle hem dünýäde 300 milliondan gowrak adam bütinleý öýsüz-öwzarsyz galan bolsa, 100 milliondan gowrak adam dürli gapma-garşylyklar hem-de ekologiýa krizisleri sebäpli öz ýerlerini terk etmäge mejbur boldy.
Baku şäheriniň bu foruma kabul ediji tarap hökmünde saýlanyp alynmagy halkara jemgyýetçiligiň we UN-Habitat guramasynyň ýurda bolan ýokary ynamyny görkezýär. Baku häzirki zaman urbanizasiýasynyň mümkinçiliklerini we kynçylyklaryny özünde jemleýän şäher bolup, taryhy mirasy aýawly saklamak bilen bir hatarda çalt döwrebaplaşmagy başaran merkezdir. Mundan başga-da, Azerbaýjan döwleti Garabag sebitinde durnuklylygy, elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny we “akylly şäher” ýörelgelerini utgaşdyryp, dünýäniň iň uly we täsirli dikeliş taslamalarynyň birini durmuşa geçirýär. Bakudaky forumyň çäginde post-konflikt döwründe şäherleri özgertmek we durnukly dikeltmek barada ýörite çäre hem guralar.
Forumyň dowamynda esasy üns anyk we amaly çözgütleri tapmaga gönükdiriler. Wekiller durmuş üpjünçilikli jaýlaryň gurluşygy, ýer hukugyny goramak, maliýeleşdiriş ulgamlary, sanly şähergurluşyk we pes girdejili maşgalalara kömek bermek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. UN-Habitat tarapyndan 2020-2025-nji ýyllar aralygynda alnyp barlan işleriň netijesinde 41 milliondan gowrak adamyň ýaşaýyş şertleri gowulandyryldy we olara arassa agyz suwy hem-de howpsuz jemgyýetçilik ýerleri elýeterli edildi. Häzirki wagtda hökümetleriň öňünde duran esasy wezipe diňe bir täze jaýlary gurmak däl-de, eýsem bütin dünýäde durnuklylygy, deňligi we inkluziwligi üpjün edip biljek şäher gurşawyny döretmekden ybaratdyr. Ýeri gelende ýatlasak, bu forum ilkinji gezek 2002-nji ýylda Naýrobi şäherinde geçirilipdi we oňa bary-ýogy 1200 adam gatnaşypdy.