Halkara Kosmos Bekedinde iş alyp barýan amerikan astronawty Mark Wande Haý hem-de rus kosmonawtlary Anton Şkaplerow bilen Pýotr Dubrow Ýere gaýdyp geldiler. Olar “Soýuz MS-19” gämisi bilen Gazagystandaky “Baýkonur” kosmodromynyň golaýyna gondular.
Mark Wande Haý geçen ýylyň 9-njy aprelinde kosmosa çykypdy. Sentýabr aýynda onuň kosmosda bolmaly wagty yza süýşürilipdi. Şol sebäpli ol 30-njy martda Ýere dolandy. Bu bolsa onuň kosmosda iň köp üznüksiz wagt geçiren amerikan astronawty bolmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde Haýyň kosmosda geçiren wagty 355 güne ýetdi. NASA-nyň mundan ozaky rekordy 2016-njy ýylyň 1-nji martyna çenli 340 günläp Halkara kosmos bekedinde bolan Skott Kellä degişli.
Rus kosmonawt Şkaplerow kosmos bekedinde 176 gün boldy. Dubrow bolsa, Wande Haý bilen bir wagtda kosmosa gidip geldi.
PDF









