1995-nji ýylyň 7-nji fewralynda amerikan “Discovery” kosmos gämisi rus kosmos bekedi “Mir”-e birikdi. Bu missiýa häzirki wagtda hereket edýän Halkara kosmos bekediniň ilkinji ädimleriniň biri hasaplanýar. Bu missiýadan ozal amerikan kosmos şattlyny rus bekedine birikdirmek üçin örän çylşyrymly tehniki işler ýerine ýetirildi. Esasy kynçylyk kosmos bekedi Russiýada, oňa birikmeli kosmos gämisi bolsa ABŞ-da öndürilipdi. Şol sebäpli olary Ýer şertlerinde deňeşdirmek üçin mümkinçilik bolmandy. Netijede, 3-nji fewralda uçurylan “Discovery” 6-njy we 7-nji fewralda “Mir” kosmos bekedine birikdirildi. Olar birigenlerinde hiç hili tehniki näsazlyk ýüze çykmady. Şeýlelikde iki ýurduň arasynda kosmosdaky iň uly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Amerikan astronawtlary bilen rus kosmonawtlary ol ýerde duşuşyp, dürli ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik aldylar. Bu taryhy duşuşykda “Mir”-e Aleksandr Wiktorenko, “Discovery” şattlyna Jeýms Wezerbi serkerdelik edipdi. Gämiler birikmekden ozal iki ýurduň ekipažlarynyň arasynda gepleşmek üçin radio aragatnaşygy ýola goýuldy. Jeýms Wezerbi rus kärdeşine “Kosmos gämilerimiz bir-birine golaýlaşdyranda, milletlerimizi hem bir-birine ýakynlaşdyrýarys” diýdi. Rus kosmonawty oňa “Biz bir. Biziň hemmämiz adam” diýip jogap berdi. “Discovery” kosmos gämisi 11-nji fewralda yzyna – Ýere gaýdyp gelýär.
“Shuttle–Mir” atly bu maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň arasynda kosmos pudagynda uly işler ýerine ýetirilýär. Rus kosmonawtlary amerikan şattllary bilen, amerikan astronawtlary rus “Soýuz” raketalary bilen kosmosa uçýar.
Suratda: Kosmonawt Waleriý Polýakow “Mir” kosmos bekedinden amerikan gämisiniň birikdirilişine syn edýär.