Saud Arabystanynyň “Al Nassr” topary “Fenerbahçe” klubuna ugradan braziliýaly ýyldyzy Anderson Talişkanyň öwezini başga bir latyn amerikaly futbolçy bilen doldy. Er-Riýad şäheriniň wekili iňlis kluby “Aston Willanyň kolumbiýaly hüjümçisi Jon Durany düzümine goşdy. Super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň hem çykyş edýän “Al Nassr” kluby bu transfer üçin iňlis klubuna 77 +13 million ýewro berer. 21 ýaşyndaky hüjümçi täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Jon Duran 2023-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň “Çikago Faýr” klubundan transfer bolupdy. Ol iňlis toparynda 78 oýunda 20 gol geçirdi.