Krosswordyň soraglary
1. Mukdar san.
2. Daş-töweregi açyk, ýalazy ýer.
3. Geýim-gejim asmak üçin enjam.
4. Gün dogmazyndan öň jahan ýagtylyp ugramak, günüň dogýan ýeri agaryp başlamak.
5. Beýlekisinden tapawutlylyk, aýratynlyk.
6. Oraza aýyndan agyz bekleýänleriň agzyny açyp, iýip-içýän wagty.
7. Çaganyň kakasynyň kakasy.
8. Gerek bolsa-bolmasa, biriniň ýanyna köp barmak, üstüni alyp durmak.
9. Çagalaryň, ýetginjekleriň oýnaýan gadymy milli oýny.
10. Gaharly, haýbatly, hemleli.
11. Mekgejöweniň watany
12. Garaýyşlaryň, taglymatlaryň, düşünjeleriň ulgamy.
13. Beýik mertebeli adama ýüzlenilende aýdylýan söz.
14. Bir zady gözlemek, yzarlamak.
15. Aýakgap tikýän ussa, köwüş tikýän ussa.
16. Günä bildirilýäni kanun esasynda goraýjy.
17. Armany galan, maksady hasyl bolmadyk, niýetine ýetmedik.
18. Ak ekiniň içinde bitýän däneli haşal ot.
19. Sport egin-eşik kompaniýasy
20. Agasy bar bolan.
21. Dik ýokary, belent asman.
22. Kösükli ekin
23. Adamkärçiliklilik, edep-ekramlylyk, salyhatlylyk.
24. Ýerasty suwlarynyň gereginden köp bolmagy sebäpli ýokary çykýan yzgar
25. Köşek ýa-da ogşuk ýüňünden egrilip dokalýan mata.
26. Ýakymly ysy bolan jisimler goşulan spirtli ergin.
27. Düýe agynaýan gumak ýer.
28. Edilýän gürrüňiň içinde adyny ýatlap geçmek.
29. Sypatlaryň öňünden gelip, şol sözüň manysyny güýçlendirýän ownuk bölek.
30. Çaganyň kakasy we ejesi.
X
Congratulations
PDF


