Angliýanyň “Premier Ligasyna” gaýdyp gelen “Lids Ýunaýted” topary “Milanyň” şweýsariýaly hüjümçisi Noa Okafory düzümine goşdy. Iňlis kluby 25 ýaşyndaky winger üçin “Milan” toparyna 19+2 million ýewro tölär. “Lids Ýunaýted” Okafor bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Bazelde” futbola başlan Okafor 2020-2023-nji ýyllar aralygynda “Red Bull Salsburg” toparynda oýnady. 2023-nji ýylda “Milana” transfer bolan Okafor italýan klubunda 1,5 möwsüm oýnap, geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Napolide” geçirdi. Onuň şu wagta çenli klublarda 235 oýunda 50 goly bar. Ol Şweýsariýanyň ýygyndysynda-da 24 duşuşykda 2 gezek tapawutlandy.