Argentinanyň ýygyndysy ABŞ-da ilki Wenesuelany Lo Çelsonyň 31-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. 2-nji duşuşygynda bolsa Puerto Rikonyň ýygyndysyndan 6-0 hasabynda üstün çykdy. Tangoçylaryň gollaryny Mak Allister (14, 36), Montiel (23), Eçewarriýa (64 ö.d.) hem-de Lautara Martines (79, 84) geçirdi. Duşuşykda 2 goluň pasyny beren Messiniň milli topardaky asistleriniň sany 60-a ýetdi. Ol häzirki wagtda milli ýygyndyda iň köp asist eden futbolçy bolup, rekordy öz adyna geçirdi. Bu ugurda ozalky rekord Messiniň köne topardaşy, braziliýaly Neýmar Juniora hem-de amerikaly Landon Donowana degişlidi. Olaryň ikisi-de 58 gezek asist edipdi.