Angliýanyň futbol çempionaty “Premier Liganyň” täze möwsümine soňky çempion “Liwerpul” bilen “Bornmutyň” arasyndaky oýun bilen badalga berildi. Çekeleşikli geçen oýunda 6 gol derwezä girizilip, “Liwerpul” soňky minutlarda 2 gol geçirdi we ýeňşini baýram etdi.
Duşuşygyň 37-nji minutynda Ekitikeniň goly bilen öňe geçen “Liwerpul” Gakponyň 49-njy minutdaky goly esasynda hasaby 2-0-a çykardy. Ýöne “Bornmut” Semenyonyň 64-nji we 76-njy minutlardaky gollary bilen hasaby deňledi. Oýnuň 88-nji minutynda meýdança soň giren Federiko Kiezanyň goly esasynda “Liwerpul” ýene bir gezek öňe geçdi. 90+4-nji minutda tapawutlanan Mohamed Salah oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Liwerpul” 4-2 hasabynda ýeňip, täze möwsüme kynlyk bilenem bolsa ýeňişli başlady.