Angliýanyň çempionaty “Premier League”-de çempion belli boldy. 34-nji tapgyryň çäginde “Liwerpul” öz meýdançasynda “Tottenhamdan” 5-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda 12-nji minutda Solankeniň goly bilen öňe saýlanan “Tottenham” toparynyň derwezesinden çempionlyk getiren pökgüleri Luiz Diaz (16), MakAllister (24), Gakpo (34), Salah (63) hem-de Udoji (69 ö.d.) geçirdi.
Şeýlelikde, “Liwerpul” möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, 2-nji ýerdäki “Arsenaldan” 15 utuk öňe geçip, çempionlygyny baýram etdi. 19-njy çempionlygy üçin 30 ýyl garaşan “Liwerpul” topary 5 ýyllyk arakesmeden soň 20-nji gezek çempion boldy. Şunlukda, APL-de 2-nji gezek çempion bolan “Liwerpul” topary çempionlyk gazanmakda sanawyň başynda barýan “Mançester Ýunaýted” bilen deňleşdi. “Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot APL-de ilkinji möwsüminde çempionlyk gazanan 6-njy tälimçi boldy. Ondan öň Žoze Mourinio (“Çelsi”, 2004/05), Karlo Ançelotti (“Çelsi”, 2009/10), Manuel Pellegrini (“Man. Siti”, 2013/14), Klaudio Ranieri (“Lester Siti”, 2015/16) hem-de Antonio Konte (“Çelsi”, 2016/17) ilkinji möwsümlerinde APL-de çempionlyk gazanypdy.
Duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Mohamed Salahyň APL-däki gollarynyň sany 185-e ýetdi we Serhio Agueronyň iň köp gol geçiren daşary ýurtly futbolçy rekordyny täzeledi.
Mançester Siti – Aston Willa: 2-1 (Bernardo Silwa 7, Nunieş 90+4 – Reşford 18 p),
Arsenal – Kristal Palas: 2-2 (Kiwýor 3, Trossar 42 – Eze 27, Mateta 83),
Çelsi – Ewerton: 1-0 (Jekson 27),
Braýton – West Ham: 3-2 (Aýýari 13, Mitoma 89, Baleba 90+3 – Kudus 49, Souçek 83),
Nýukasl – Ipswiç: 3-0 (Isak 45+4 p, Börn 56, Osula 80),
Southempton – Fulham: 1-2 (Stiwens 14 – Smit-Rou 72, Sessenion 90+2),
Wulwerhempton – Lester: 3-0 (Mateus Kunýa 33, Strand Larsen 56, Rodrigo Gomeş 85),
Bornmut – Mançester Ýunaýted: 1-1 (Semenio 23 – Heýlunn 90+6),
Liwerpul – Tottenham: 5-1 (Diaz 12, MakAllister 24, Gakpo 34, Salah 63, Udoji 69 ö.d. – Solanke 12)
Nottingam Forest – Brentford (1-nji maý)