7-9-njy noýabrda Londonda Bütindünýä syýahat bazary (World Travel Market) sergisi geçirildi. Sergide berlen maglumatlara görä, global syýahatçylygyň ýanwar-iýul aýlaryndaky ösüşi pandemiýadan öňki döwürdäkiniň 60 göterimine ýetipdir. Bu döwürde 470 milliondan gowrak adam syýahat edip, iň çalt dikeliş Ýewropada we Ýakyn Gündogarda bolup geçipdir. Dikelişiň netijesinde, syýahatçylyk pudagy beýleki kynçylyklaryň hem çözülmegine ýardam eder. Olaryň arasynda ykdysady we energiýa çökgünlikleri, global maýlama we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri bilen göreş, puluň hümmetiniň üýtgemegi ýaly meseleler bar. Syýahatçylyk pudagy durnukly ösüş boýunça borçnamalary hem ýerine ýetirmäge ünsi jemleýär. Bu sergi COP27 howa boýunça sammit bilen bir wagtda geçirilýär.
Oguljennet MUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby
PDF









