Los-Anjeles Dünýä çempionatyna taýýarlanýar

2

Şu ýylyň tomsunda futbol boýunça dünýä çempionatynyň sekiz duşuşygy, şol sanda ABŞ-nyň ýygyndy toparynyň gatnaşmagyndaky ilkinji oýun Los-Anjelesiň (Kaliforniýa ştaty) 70 müň tomaşaçy orunlyk «SoFi» stadionynda geçiriler. Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi çäreleriniň dowamynda «Los Angeles Stadium» diýlip atlandyryljak bu döwrebap sport desgasynda toparlaýyn tapgyryň bäş oýny, şeýle hem 1/16 finalyň iki duşuşygy we çärýek final oýny guralar. Mälim bolşy ýaly, bu sebit ozal hem uly sport ýaryşlaryny, hususan-da, 1994-nji ýyldaky erkekleriň we 1999-njy ýyldaky zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatlarynyň final duşuşyklaryny ýokary derejede kabul edipdi. Şeýle-de, Kaliforniýanyň iri megapolisi 2028-nji ýylda tomusky Olimpiada hem-de Paralimpiada oýunlaryna eýelik eder.
Halkara ýaryşyň çäklerinde 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli şäheriň dürli künjeklerinde, şol sanda Los-Anjelesiň memorial stadionynda we «Union Station» wokzalynda jemi 10 sany resmi janköýer zolagy (FIFA Fan Festival) hereket eder. Bu ýere gelýän myhmanlar üçin ýörite medeni-dynç alyş çäreleri, konsertler hem-de göni ýaýlymlar guralar. Şäher häkimligi ýollardaky awtoulag dyknyşygynyň öňüni almak we sport muşdaklaryna amatly şertleri döretmek maksady bilen, jemgyýetçilik ulaglarynyň utgaşdyrylan ulgamyny we ýörite mugt awtobus gatnawlaryny ýola goýdy. Geljekki duşuşyklary kabul etjek stadion 2020-nji ýylda gurlup, ol iň döwrebap tehnologik talaplara, şol sanda nagt däl hasaplaşyk ulgamlaryna doly laýyk gelýär. Şunlukda, Los-Anjeles özüniň baý sport medeniýeti, dünýä taryhyna giren medeni ýadygärlikleri, kinostudiýalary hem-de köpdürli milli aşhanasy bilen dünýäniň çar künjünden geljek myhmanlary garşylamaga doly taýýardyr.