Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýragy amerikaly alymlar Meri Brunkowa, Fred Ramsdella we Simon Sakagutie bedeniň gorag ulgamy ugrundaky geçiren barlaglary üçin berildi. Alymlar “immun ulgamy tarapyndan bedene zyýan ýetmeginiň öňüni alýan periferiýa immun çydamlylygy bilen baglanyşykly düýpli açyşlar etdiler ” diýip, Nobel komiteti habar berdi. Brunkow, Ramsdell we Sakaguti barlaglaryň täze ugruny esaslandyrdy.

Olar immun ulgamynyň goragçysy hökmünde hereket edýän kadalaşdyryjy T öýjüklerini kesgitlediler. Bu açyşlar, häzirki wagtda kliniki synaglarda ulanylyp biljek bejergileriň ösmegine sebäp boldy. Açyşyň netijesinde awtoimmun kesellerini bejerip bolar, rak keselini bejermegiň netijeliligini ýokarlandyryp bolar hem-de öýjük transplantasiýasyndan soň çynlakaý gaýra üzülmeleriň öňüni alyp bolar.

2024-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy amerikan alymlary Wiktor Ambros we Garri Rawkana “mikroRNA” molekulalarynyň ýüze çykarylmagy we transkripsiýadan soňky gen kadalaşdyrylyşyndaky bitiren işleri üçin berildi.

Fizika boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýesi 7-nji oktýabrda, himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýesi 8-nji oktýabrda, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi 9-njy oktýabrda mälim ediler.

10-njy oktýabrda Oslada Parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi, 13-nji oktýabrda bolsa, Alfred Nobeliň hormatyna döredilen ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi mälim ediler. Nobel baýragynyň möçberi 11 müň şwed kronyna (1 million dollardan gowrak) deň. Bu baýrak 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Merkezi banky tarapyndan esaslandyryldy. Baýrak gowşurylyş dabaralary, adatça, 10-njy dekabrda şwesiýaly alym we oýlap tapyjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni Stokgolmda we Oslada geçirilýär.