21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu, ilçihananyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar uniwersitetiň sport merkeziniň binýadynda Aýurweda okuw otagynyň açylmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Melhem” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli gymmatlyklarynyň we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däpleriniň dünýäde wagyz edilmegine uly ähmiýet berýän Türkmenistan hem-de Hindistan dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary netijeli ösdürýärler. Şunda iki dostlukly döwletiň arasynda ýokary derejede guralýan özara saparlaryň çäklerinde gol çekilen möhüm resminamalaryň ähmiýetine üns çekildi. Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan uniwersitetiň döwrebap binalar toplumynyň binýadynda açylan Aýurweda okuw otagy hem özara gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli we netijeli durmuşa geçirilýändigini görkezen nobatdaky möhüm waka boldy.
Hindi tarapynyň wekilleri aýurwedanyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsiri barada aýratyn durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, aýurweda Hindistanda asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelinýän, däp bolan lukmançylyk ulgamydyr. Dünýäde iň gadymy bejerijilik toplumy bolan aýurwedanyň adam bedeniniň, pikirlenişiniň we ruhy dünýäsiniň arasynda bitewi sazlaşygy emele getirmekde, netijede, umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr. Aýurwedada bu sazlaşyk tebigy serişdeleriň, kadaly iýmitlenişiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýoga maşklarynyň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda gazanylýar. Şeýle hem ol adam bedenini zyýanly maddalardan we möwsümleýin kesellerden saplamaga, özüňi ruhubelent, ynamly alyp barmaga ýardam edýär. Bu aýratynlyklar uzak we sagdyn ömrüň baş şerti bolup durýar. “Aýurweda” sözi “durmuş bilimi” ýa-da “uzak ömür baradaky ylym” diýmegi aňladýar. Aýurweda lukmançylygynyň adam saglygyna ägirt uly peýdaly taraplaryny we gadymdan gelýän däplerini dünýäde giňden wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Hindistan Respublikasy daşary döwletler bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirýär. Şeýle çäreler ýurdumyzda hem geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birnäçe hünär ugurlarynda adaty hindi lukmançylygy boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Şeýle sapaklara hindistanly bilermenler hem yzygiderli gatnaşýarlar.
Dabara gatnaşyjylar täze ýöriteleşdirilen okuw otagynda sapaklaryň geçirilişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem olar halklaryň arasynda, hususan-da, adam saglygyny goramakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsi we ýakyn goldawlary üçin iki ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.