Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyzyň durmuşynda taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylmynyň innowasion ösüşini gazanmak babatda amala aşyrylýan işler netijeli häsiýete beslenýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlyk biziň döwletimiziň hem täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagynda döwrebap çemeleşmeleri talap edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde we barha giňeýän saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijesinde, lukmanlaryň hünär kämilligi artdyryldy, amaly lukmançylyga keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyryldy.
Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ösdürilişi, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler täze derejä göterilýär. Dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmak, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak arkaly bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hilini gazanmaga uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda saglygy goraýyş boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygyň berk binýady tutuldy. Häzirki döwürde bu ugurdaky işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, öz ajaýyp miwelerini berýär.
Täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylymda we tehnologiýada alnyp barylýan işleriň birnäçe esasy ugurlary bilen birlikde, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we ulgam üçin ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak boýunça tabşyrygyna laýyklykda, dünýä lukmançylygynda gazanylýan ösüşler hem-de özgerişler bilen aýakdaş gitmek, okuw binýatlarynyň gerimini giňeltmek, ýokary okuw mekdebiň okuw we bejeriş işlerine innowasiýalary girizmek, nazary bilimleri amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler geljekde-de dowam etdiriler.
Ýarangeldi ÇARYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň assistenti.