Maglumat göterijileriň ösüşi

234

Gadym döwürlerden bäri adamlar dürli habarlary, ýazgylary saklamagyň usullaryny gözläpdirler. Ilki başda olar dürli ýazgylary daşlaryň, derileriň ýüzüne çekipdirler. Bu ýazgylar şol döwürde adamlaryň näme bilen meşgullanandygy, gündelik durmuşynyň nähili bolandygy barada habar berýär. Wagtyň geçmegi bilen, deri, kagyz ulanylyp başlanypdyr. Soňky döwürlerde maglumatlary saklamak magnit lentalary ulanylypdyr. Ilkinji kompýuterleriň ýüze çykmagy bilen, maglumatlary saklamagyň tehnologiýasy kämilleşip ugrapdyr. Şeýlelikde, ilkinji maglumat göterijileriň zerurlygy ýüze çykyp başlaýar. 1971-nji ýylda IBM kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan 8 dýuýmlyk,  80 Kbaýt sygymly disket oýlanyp tapylýar. Bu disket döredilenden soň ýene-de onuň göwrümini ulaltmak üçin işler alnyp barylýar. 1973-nji ýylda 8 dýuýmlyk disketiň göwrümi 256 Kbaýta ýetirilýär. Iki ýyldan soň ol 1000 Kbaýt bolýar. 1984-nji ýylda bu disketiň göwrümi 1,2 Mbaýta çenli ösdürilýär. 1981-nji ýylda dünýäniň “Sony” kompaniýasy tarapyndan 3,5 dýuýmlyk (1dýuým = 2,5sm) disket öndürilip başlanýar. Başda onuň göwrümi 720 Kbaýt bolan bolsa, soňra ol 1,44 Mbaýta ýetirilýär.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen, disket önümçiliginiň gerimi has-da kämilleşip, optiki göterijileriň hem bazary ösýär. Şeýlelikde, 1969-njy ýylda “Philips” kompaniýasy ilkinji LD (“Laser disc”) optiki göterijini işläp taýýarlaýar. Bu göteriji adatça, öýde kinofilmleri görmek üçin niýetlenendir. 1982-nji ýylda “Laserdisc” optiki göterijileriň ýerine uly üstünlik gazanan “Compact Disc” (CD) görnüşi ulanylyşa girizilýär. Ol “Sony” we “Philips” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülýär. 1987-nji ýyldan başlap, “Microsoft” we “Apple” kompaniýalarynyň CD hereketlendirijileriniň ulanylyp başlanmagy bilen, ykjam diskleriň dürli görnüşleri öndürilip başlanýar. Ilkinji ykjam diskler okamak üçin niýetlenipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda göwrümi 650 Mbaýtdan 700 Mbaýta çenli ykjam diskler ulanylypdyr. Ulanyjylarda öý şertlerinde diske ýazmak zerurlyklarynyň ýüze çykmagy bilen CD-R (Compact Disc-Recordable) tehnologiýasynyň döremegine getirýär. Ýöne CD-R disklere bir gezek ýazmak mümkinçiligi bolupdyr. Bu ýagdaý CD-RW (Compact Disc-Rewritable) diskleriň çykmagyna getirýär. CD-R disklerden tapawutlylykda, bu disklere birnäçe gezek ýazgy edip bolýar.

Ykjam diskleriň DVD (Digital Versatile Disc) görnüşi 1997-nji ýylda köpçülige ýetirilýär. DVD we CD ykjam diskleriň arasynda uly tapawut ýokdur. DVD diskleriň CD disklere garanyňda ýazylyş dykyzlygy uludyr. Adaty ýagdaýda DVD diskleriň göwrümi 4,7 Gbaýta deňdir. DVD-R diskleriň göwrümi CD-R diskleriň göwrüminden takmynan 6,7 esse uludyr. Şeýlelikde, 1997-nji ýylda  DVD-R (W) görnüşi uly gyzyklanma döredýär.  DVD disklerden soň has kämilleşen görnüşler bolan HD-DVD we “Blu-ray” görnüşler, şeýle hem fleşkalar ýüze çykýar. Bu bolsa, IT tehnologiýalaryň kämilleşmegine we ösmegine uly mümkinçilik döredýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Wepa PIROW,

Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymy