Adamzat taryhynda dürli görnüşli enjamlar, serişdelerdir esbaplar oýlanyp tapyldy. Oýlap tapyşlaryň käbiri has wajyp bolsa, käbiri o diýen göze ilmeýär. Şeýle oýlap tapyşlaryň biri hem kiçijikdigine garamazdan, senagatda, önümçilik pudaklarynda we elektronikada uly orun eýeleýän magnit hasaplanýar. Magnit sowadyjynyň gapysyna bezeg hökmünde ýelmenýän dürli şekillerden başlap, lukmançylyk, elektrik energiýasy hem-de tehnologik enjamlarda giňden ulanylýar. Eýsem, magnit haçan oýlanyp tapyldyka?
Gysgaça taryhy
Ýüze çykarylandan soň müňlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilen materiallaryň biri hem magnitdir. Taryhy maglumatlara görä, takmynan, miladydan öňki 600-200-nji ýyllarda Gadymy Hytaýda we Gresiýada magnit tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Esasy açyşlar greklere degişli bolup, bu minerala magnit adynyň berilmeginiň Fessaliýada ýaşaýan magnit taýpasy bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Sebäbi bu taýpa tebigy çekiş güýji bolan magnitli demir magdan (lodestone) gazyp alýarlar. Irki ýyllarda hytaýlylar komposlarynda lodestone ulanypdyrlar. XVIII asyrda emeli magnit, XIX asyrda bolsa elektromagnit oýlanyp tapylýar. 1600-nji ýylda iňlis fizigi we lukmany Wilýam Gilbert magnetizm (magnit meýdany arkaly hereket edýän zarýadly bölejikler) düşünjesini girizýär. Magnetizme görä, magnitiň bir jisimi özüne çekmegi Ýeriň magnit meýdany hem-de magnit meýdany bolan elementler bilen baglanyşykly hadysa hasaplanýar. Mysal üçin, magnit demri, nikeli özüne çekýär. Sebäbi demirde we nikelde magnit meýdany bar. Gilbertiň bu oýlap tapyşy magnit düşünjesini öwrenmekde uly ädim bolýar. 1730-njy ýylda iňlis alymy Serwington Seweri emeli magnit işläp düzýär. 1825-nji ýylda bolsa britan fizigi Wilýam Stýorjen ilkinji elektromagniti oýlap tapýar. Bu açyş lukmançylykda, senagatda we elektrik toguny öndürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.