Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde ýerleşýän EKO Medeniýet institutynyň ştab-kwartirasynda sebitiň görnükli türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy: Agzybirligiň we medeni galkynyşyň owazy” atly ylmy-medeni çäre geçirildi. Bu barada Eýranyň IRNA resmi habarlar agentligi habar berýär.
Diplomatik wekilleriň, ylmy jemgyýetçiligiň görnükli wekilleriniň hem-de edebiýat söýüjileriň gatnaşmagynda geçen duşuşykda hünärmenler beýik akyldaryň pars edebi däplerinden, eýran-yslam tasawwuf pelsepesinden hem-de baý türkmen medeniýetinden gözbaş alýan edebi mirasynyň yzygiderli öwrenilmegini sebitde medeni diplomatiýany we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdiler.
Çäräniň açylyşynda EKO Medeniýet institutynyň başlygy Mohammad Hasan çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň sebit halklarynyň taryhynda jemgyýetçilik oýanyşynyň we raýdaşlygyň belent nyşany bolup durýandygyny nygtady. Ol öz sözünde: “Şu gün biz bu ýere diňe bir meşhur şahyryň edebi mertebesi barada gürrüň etmek üçin däl, eýsem, onuň asyrlar aşyp gelen, şu gün hem ynsan jemgyýetine ylham berýän we dogry ýol görkezýän ahlak, ynsanperwerlik hem-de agzybirlik pelsepesini dabaralandyrmak üçin ýygnandyk” diýip belledi hem-de akyldaryň parahatçylyk baradaky sargytlarynyň sebitiň, tutuş dünýäniň medeni aňyýetinde möhüm orny eýeleýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Gaýypow öz çykyşynda beýik söz ussadynyň Gündogar edebiýatynda täze bir döwre badalga beren medeni şahsyýetdigini belledi. Ilçi şahyryň gymmatly golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly halkara sanawyna girizilendigini, şeýle-de şahyryň pelsepewi we çuňňur mazmunly eserleriniň dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilip, halkara giňişlikde yzygiderli neşir edilýändigini mälim etdi.
Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň taryh professory Saýfullo Mollojon öz çykyşynda Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň giň gerimlidigine ünsi çekdi. Ol: “Pyragy diňe bir şahyr bolman, eýsem, tasawwuf, pelsepe we astronomiýa ýaly ylymlara hem çuňňur belet bolupdyr. Onuň döredijiliginde Sagdy, Hafyz we Haýýam ýaly beýik pars şahyrlarynyň pelsepewi garaýyşlarynyň aýdyň yzlary görünýär” diýip, şahyryň ylmy we edebi taryhdaky ornuny aýratyn belledi.
“Türkmen medeniýet öýi” medeni-çeperçilik institutynyň ýolbaşçysy Ali Rahbar hem öz gezeginde akyldaryň bütindünýä medeni hazynasyna goşan goşandy barada durup geçdi. Ol: “Magtymguly Pyragynyň şygryýeti pars edebi däpleri, eýran-yslam tasawwuf mirasy we türkmen halkynyň baý medeniýeti ýaly üç uly ruhy şahanyň utgaşýan nokadynda durýar. Şahyryň mirasyny öwrenmek sebitara hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik ugurlarynyň biridir” diýip nygtady.
Merýem Şaýeganyň alyp barmagynda geçen ylmy-medeni duşuşygyň ahyrynda dostlukly gatnaşyklary we medeni dialogy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, taryhyna we türkmen halkynyň baý medeni mirasyna degişli birnäçe gymmatly neşirler EKO Medeniýet institutynyň kitaphanasyna sowgat berildi.
PDF









