Ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek üçin häzirki döwürde uly tagallalar edilýär. Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda, has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmek işi ýerli howa şertlerini, ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlen maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Ýurdumyzda gara mallary köpeltmek boýunça iri häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi bar. Bu bolsa sarp edijileri et-süýt önümleri bilen bolelin üpjün etmekde, şeýle hem eti we süýdi eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Jemal SAPARGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF









