Mamontlar (Mammuthus subplaniforns) mundan 10-12 müň ýyl öň Piliosen döwründe ýaşap geçen piller maşgalasyna degişli bolan gadymy görnüş hasaplanýar. Mamontlar örän uly jandar bolup, olaryň boýy 5,5 metre, agramy 14-15 tonna ýetipdir. Olar  Ýer ýüzündäki  iň uly süýdemdiriji bolupdyr. Mamontlar, esasan, Sibir we Wrangel arhipelagynda ýaşapdyr. Ylmy maglumatlara görä, howanyň üýtgemegi bilen olaryň iýmitlenýän meýdanynyň dargamagy zerarly 12 müň ýyl mundan ozal ýok bolup gidendigi çaklanylýar. Genetiki gözlegleriň netijesinde, planetadaky iň soňky mamontlaryň ýagny, tüýlek mamontlaryň Wrangel arhipelagynda ýaşanlygy we olaryň ýaşamagyna we köpelmegine daşky şertler bilen bir wagtda genetiki üýtgeşmeleriň hem täsir edenligi aýdylýar. Wrangel arhipelagynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde alymlar alty sany mamont tapdylar. Şol bir wagtyň özünde genetiki materialdan arassalanan mamont DNK-syny pil öýjüklerine geçirmek üçin synaglary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýakutiýaly biologlarynyň we genetikleriniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren ekspedisiýasy netijesinde Ýana derýasynyň aşaky akymynda Mamontlaryň deri böleklerini we süňk galyndylaryny tapdylar we olar öz tapylan galyndylaryny “Mamont bilen  Pil” gibridini  döretmekde esasy material hökmünde peýdalanmagy göz öňünde tutdular. Häzirki wagtda tüýlek mamontlaryň neslini täzeden dikeltmek maksat edinilýär. Munuň üçin başlangyç material hökmünde 12 müň ýyl ozal ýok bolup giden mamontlaryň deri galyndylarynyň peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu taslamany durmuşa geçirmek “Colossal” atly kompaniýa 15 million dollar puly bölüp berdi. Taslamanyň netijesinde mamont bilen Aziýa pilinden alynjak gibrid  nesli esasynda täze mamontyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Oguljemal Batyrowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby