Az salym öň UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, Fransiýanyň PSŽ topary “Brest” bilen duşuşar. “Milanyň” garşydaşy “Feýenoord” bolup, başga bir duşuşykda-da “Ýuwentus” bilen PSW 1/8 finala çykmak üçin güýç synanyşar. Ýagny 2 duşuşykda italýan we niderland toparlary duşuşarlar.

Soňky duşuşykda ýeňiş gazanyp, pleý-offa galan “Mançester Sitiniň” bijesine-de “Real Madrid” düşdi. Iki topar soňky ýyllarda birnäçe gezek gabatlaşdylar. Bu bolsa soňky 2 ýylyň çempionynyň haýsy hem bolsa biriniň bu möwsümde ýaryşy ir terk etjekdigini aňladýar. “Bawariýa” bolsa “Seltik” bilen bije çekişdi.

1-nji duşuşyklar 9-16-njy orunlarda tamamlanlaryň meýdançasynda geçiriler. Duşuşyklar 11-12-nji fewralda hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.

 

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:

Brest – PSŽ

Mançester Siti – Real Madrid

Monako – Benfika

Seltik – Bawariýa

Klub Brýugge – Atalanta

Ýuwentus – PSW

Sporting – Borussiýa Dortmund

Feýenoord – Milan